ALTYN AŞYGYM, ALÇY GOP


ALTYN AŞYGYM, ALÇY GOP



Türkmen halkynyň milliligini alamatlandyrýan köp sanly gymmatlyklary bar. Şolaryň biri hem nesil terbiýesi bilen baglanyşykly döredilen aşyk oýnudyr. Nesilleriň sagdyn bedenli, çeýe, aňyýet taýdan ösen bolmagynda milli oýunlar ähmiýetli orun eýeläp geldi. Munuň şeýledigine “Aýterek-Günterek”, “Gizlenpeçek”, “Ýüpden towusmak”, “Göz daňdy”, “Ortada durmak”, “Ýaglyk goýdy”, “Çilik”, “Düzzüm”, “Bäşdaş”, “Aşyk” ýaly milli oýunlaryň mysalynda-da göz ýetirmek mümkin. Milli oýunlar çagalaryň beden taýdan sagdyn bolmagyna, oýlanyşykly, başarnykly, ynamly hereket edip bilmek ukybynyň ösmegine ýardam edýär. Köpçülik bolup oýnalýan oýunlar bolsa birek-birek bilen ylalaşykly bolmak ukybyny ösdürýär. Geljekde adamlar bilen gatnaşyk etmegiň gowy ýörelgelerini öwretmekde şeýle oýunlaryň terbiýeçilik ähmiýetini aýratyn bellemeli.
Çagalaryň arasynda ýörgünli oýnalýan oýunlaryň iň kämilleriniň biri-de “Aşyk” oýnudyr. Bu milli oýun çagalar tarapyndan örän gyzgalaňly, gyzygyp oýnalýan oýunlaryň biridir. Ençeme döwürlerden bäri nesilden-nesle geçirilip oýnalyp gelinýän bu oýnuň hut häzirki günlerimizde-de çagalar tarapyndan höwes bilen oýnalmagy aýdanlarymyzy doly tassyklaýar. Çagalarda çalasynlyk, çakganlyk, özüňe bolan ynamlylyk ýaly häsiýetleri terbiýelemäge ýardam edýän “Aşyk” oýny gadymy oýunlaryň biridir. Halky eserlerimizde “Aşyk oýny” barada berilýän maglumatlar, aşyk bilen baglanyşykly oýunlaryň gadymy döwürden bäri türkmen durmuşyna ýardygyny subut edýär. Çagalaryň söýgüli eseri “Akpamyk” halk ertekisini alyp görsek “Aşyk” oýny ertekiniň easasy gahrymanlary bolan doganlary biri-birine tapyşdyrmakda uly hyzmaty bitirýär. Gelnejeleri tarapyndan öýden daşlaşdyrylan Akpamyk ogluna aşyk oýnunyň sanawajyny öwredýär.

Akpamygyň ogly men,
Ýekýagyrnyň ýegeni men,
Altyn aşygym, alçy gop,
Alty daýymyň başy üçin,
Iň kiçisi Baýramdyr,
Baýram daýymyň başy üçin,
Altyn aşygym, alçy gop!

Şeýlelikde, aşyk sanawaçlarynyň üsti bilen Akpamyk doganlaryna gowuşýar. Irki döwürlerde halkymyz habarlary birine ýetirmek üçin dürli usullary, tärleri ulanypdyrlar. Oňa bu ertekiniň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar. “Çaga eziz, edebi ondanam eziz” diýen pähimi döreden halkymyz dürli milli oýunlaryň oýnalyş düzgünlerini, tertibini, ýerine ýetirilişini hem çaga terbiýesine gönükdiripdirler, çaga terbiýesi bilen baglanyşdyrypdyrlar. Ogul öýerip, öýüne täze gelin getiren her bir maşgala agtykly bolmak barada ýagşy niýet edip, dowarlaryň aşyklaryny ýygnap goýupdyrlar. Onuň üçin eneler ýörite aşyk torbasyny hem dokapdyrlar. Aşyklar şol torbalarda toplanypdyr. Çaga terbiýesine uly ähmiýet berýän enelerimiz ol aşyklary dürli reňklere boýapdyrlar. Bu bolsa aşyk oýnunyň has täsirli bolmagyna we çaganyň öz aşygyny beýleki aşyklardan tapawutlandyryp saýlap bilmegine ýardam edipdir. Maşgalada akja bäbek doglup, ol agy-garany saýgaryp başlandan onuň öňüne aşyk döküpdirler. Aşyk we aşyk oýny hakynda düşünje beripdirler. Şeýlelikde, çaga aşyk oýny bilen bile ulalypdyr. Aşyklaryň dört tarapy bolup, olaryň hersiniň hem alçy, towha, tükge, jikge diýen ady bar. Maşgaladaky çaganyň aýagy ýöräp, ese-boýa galyp, aga-gara düşünip başlanyndan soň oňa aşyklaryň her tarapynyň ady hem-de, aşyklary sülmegiň we aşyk oýunlaryny oýnamagyň düzgünlerini hem öwredipdirler. Aşyklaryň dört tarapynyň hersiniň ady bir manyny aňladýar.

Alçy – aşygyň at münen tarapy. Oýun oýnalanda aşygyň alçy gopsa, şowlulyk hasaplanýar. Bu söz düzümi halk arasynda “bagty getirmek” manysynda ýörgünli ulanylýar.
Towha – aşygyň alçydan beýleki eşek münen tarapy.
Tükge – aşygyň pökgerip duran tarapy. “Tükge düşüp ýatmak” jümlesi hem halk durmuşynda giňden ulanylýar.
Jikge – aşygyň çukurjykly, ýagny tükgäniň ters tarapy.

“Aşyk” oýny daşarda ikiçäk, şeýle hem köpçülikleýin oýnalýar. Çagalar bu oýny oýnamak üçin giň meýdana çykyp, takyr hem düz ýeri saýlap alýarlar we tegeläp giň töwerek çyzýarlar. Oýna gatnaşýanlaryň sany köp bolsa iki topara bölünýärler. Ol toparlara dogumly, aşyk oýnuna ökde, oýna gatnaşýan oglanlara baştutanlyk edip biljek iki oglanyň hersini bir topara ýolbaşçy edip saýlaýarlar. Oýun başlanjak wagty topara ýolbaşçy goýlan oýunçy:”Çüw, aşygym, alçy gop!” – diýip, aşygyny oklaýar. Aşygy alçy gopan tarap oýny ilki başlaýar. Eger oýna gatnaşýanlaryň sany azyrak bolsa, onda çagalar öz aralarynda yzly-yzyna bellenilen aralyga keneklerini sülýärler. Kenegini has uzagrak aralyga sülüp bilen oýunçy oýnuň başyny başlaýar. Mundan soň oýun her kimiň nobaty boýunça yzygiderli dowam edýär. Oýna gatnaşýan çagalar aşyklaryny çyzylan giň töweregiň orta gürpünde göni hatara düzýärler. Oýna başlaýan oýunçy aşyklary kakyp almak üçin elindäki kenegini hatara düzülen aşyklara sülýär. Oýunçy ökde bolanda, onuň kenegi boş geçmeýär. Aşyk sülmäge ökde çaga käte iki-üç sany aşygy hem birden hatardan çykaryp bilýär. Eger oýny başlan çaganyň sülen kenegi boş geçse, oýny beýleki oýunçylar dowam etdirýär. Şeýlelikde, oýun töweregiň içinde hatara düzülen aşyklar gutarýança oýnalýar.
Çagalar bu oýnuň dowam edip gelýän düzgünlerini, tilsimlerini höwes bilen öwrenipdirler, ýerine ýetiripdirler. Bu oýna has-da ökdelemekde olara ulular ýakyndan ýardam edipdir. Çagalar kenek ýasamagy hem öwrenipdirler. Kenek ýasamak üçin aşygyň jükge tarapynyň çukurjykly ýerine eredilen gurşuny guýýarlar. Şeýle edilende aşyk agramly bolýar, sülmäge amatly bolýar.
Milli oýunlarda sanawaç sanamak däbi hem dowam edip gelýär. Sanawaç aýtmak oýunlaryň has gyzykly, janly bolmagyna ýardam edýär. Milli oýunlarda dürli sanawaçlar sanalýar. Çagalar ejeleri ýa-da dost-ýarlary tarapyndan öwredilen sanawaçlary ýat tutýarlar. Geljekki nesliň aladasy bilen ýaşan halkymyz oýun sanawaçlarynyň hem dürli görnüşlerini döredipdir. Köp oýunlarda kimiň eşekçi bolmagy sanawaçlaryň üsti bilen belli edilýär. Çagalar haýsy hem bolsa bir oýny başlajak bolanlarynda eşekçi bellemek üçin sanawaç aýdýarlar. Oýun sanawaçlary täsirli düzülip, basym ýatda galýar. Sanawaçlar çagalaryň ýatkeşligini, bilesigelijiligini hem-de oýna höwesliligini artdyrýar. Çagalar üçin sanawaçlaryň ençemesi düzülipdir. Şolardan käbir mysallar:

Jedirel jeňňel,
Ujy meňňel,
Däne-düwme,
Dah.

* * *

Bäş geçi-hä, bäş geçi,
Hany munyň erkeji,
Erkeç gazanda gaýnar,
Çagalar aşyk oýnar.

* * *

Apak-mapak,
Ýagly ýüpek,
Mundan geç-de,
Sen çyk

* * *

Apak, mapak maý düşdi,
Meýdanda kişmiş bişdi,
Meýdandaky kişmişler,
Darka-darka ýaryldy,
Gurbanbibi oýnaly,
Çuňňur guýuny boýlaly,
Çuňňur guýunyň içinde,
Ýüpek gurçuk saýlaly.

Milli aşyk oýny çagalaryň sagdyn ösmeginde, çalasyn hereket etmeginde, göni atyp bilmek ukybynyň kämilleşmeginde, birek-birek bilen dostlukly gatnaşyk saklamagynda uly hyzmaty ýerine ýetirýär. Bu oýun terbiýeçilik ähmiýetli oýunlaryň gadymylarynyň biridir.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Arkadag Prezidentimiziň bimöçber aladalary esasynda ösüp gelýän ýaş nesillerimizi sagdyn, belent ruhly, Watana wepaly, gadymy-milli däp-dessurlarymyza ygrarly ýaşlar edip terbeiýelemekde ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Çaga dünýäsi bilen baglanyşykly mirasymyzyň dürdänelerini, nusgalyk görnüşlerini öwrenmäge, olaryň medeni-terbiýeçilik ähmiýetini halk köpçüligine giňden ýaýmaga ähli mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman, döwletli işleri hemişe rowaç bolsun. Asuda, abadan Diýarymyzda bagtyýar çagalaryň gülküsi mydama ýaňlanyp dursun.

Ogultäç Hojanazarowa