Süýji nygmatlaryň naýbaşysy


Süýji nygmatlaryň naýbaşysy



Gawun adamyň ömrüni uzaldýan jadyly güýje eýe diýlip hasaplanylýar. Gawun — ýokumlara we peýdaly mikroelementlere baý nygmat. XI asyrda ýaşap geçen Ibn Sina özüniň «Tebipçilik kanunlary» kilabynda gawunyň etiniň içege kesellerini bejermek, böwrekden we peşew haltadan daşlary çykarmak ukybyna eýedigi barada ýazypdyr.
Zamça, garrygyz, gülaby, mazy, zamy, kyrkgünlük, akbişek, gürbek, sarygyz, waharman, paýendeki, hytaýy, şagawun, şekerpalak ýaly şirinden-şirin gawunlar bu gün biziň ak bazarlarymyzyň, desterhanlarymyzyň bezegi bolup durýar. Taryha ser salsak, meşhur türkmen gawunlarynyň has irki döwürde terligine ýörite ýasalan mis hem-de gurşun gaplara salnyp, Arap ýurtlaryna, Ýewropa döwletlerine äki- dilendigini bilýäris. Gawunlar şalaryň, han-begleriň desterhanlarynyň iň arzyly nygmatyna öwrnlipdir. Türkmen gawuny diňe bir lezzet beriji azyk önümi bolman, eýsem, ynsan saglygy üçin hem melhem saýylýar. Behişdi nygmat bolan datly gawun uly meşhurlyga eýe bolup, birnäçe asyrlardan bäri mukaddes topragymyzda ýetişdirilýär. Gadymy döwürlerde ýaşap geçen syýahatçy, taryhçy jahankeşdeler türkmen gawunyna uly baha beripdirler. Türkmenistanyň ekerançylygyny içgin öwrenen akademik alym N.I.Wawilow: «Türkmenistan dünýä gawunynyň watanydyr» diýip belleýär. Halkymyzyň arzyly ekini bolan gawun tagamy, owadan görnüşleri bilen häzirki döwürde hem şöhrat gazanýar. Gawuny sarpalap gadyrlap, mynasyp baha berip bilýän halkymyz halk döredijiliginde hem oňa uly orun berip, bu bereketli nygmat barada örän jaýdar nakyllary, matallary, tymsallary, rowaýatdyr goşgulary döredipdir.
Ata-babalarymyz çörege, saçaga hormat goýşy ýaly, gawuna hem be- lent sarpa goýupdyrlar. Türkmen topragynyň bu behişdi nygmaty durşuna melhemdir, desterhanlaryň bezegidir. Diýarymyza gelýän myhmanlara taýsyz hödür-keremdir. Şeýle ajaýyp zamanada özüniň ýakymly ysy, süýji tagamy, jana şypalylygy bilen tapawutlanýan behişdi nygmat hasaplanylýan gawunyň berekedi hiç haçan egsilmesin!

Akjemal ŞIROWA