«Türkmenistan umumadamzat ähmiýetli gymmatlyklaryň mekany» atly maslahat geçirildi


«Türkmenistan umumadamzat ähmiýetli gymmatlyklaryň mekany» atly maslahat geçirildi



Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň Medeniýet öýünde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasyna (ÝUNESKO) agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygy hem-de ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak hakyndaky Konwensiýasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistan umumadamzat ähmiýetli gymmatlyklaryň mekany» atly maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň, şeýle-de Ahal welaýat häkimliginiň bilelikde guramagynda geçirilen maslahatyň dowamynda Ahal welaýat häkiminiň orunbasary Akgül Toporowa, Türkmenistanyň Gahrymany, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygy Gözel Magtymgulyýewa, Türkmenistaanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky milli «Ak bugdaý» muzeýiniň direktory Ogulgözel Öwülýägulyýewa, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Bäşim Şadurdyýew, «Abiwerd» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Maýa Hojyýewa, Bäherden etrabynyň çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy, Türkmenistanyň at gazanan halyçysy Tylla Halnepesowa dagy çykyş etdiler.

Maslahatda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi, sungatymyzy, şol sanda asyrlardan gözbaş alýan türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryny ylmy taýdan öwrenmek, olary dünýä ýaýmak ugrundaky alnyp barylýan işleriň has-da rowaçlyklara, üstünliklere beslenýändigini nygtadylar. Şeýle-de çykyş edenler çykyşlarynyň dowamynda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna birnäçe gymmatlyklarymyzyň girizilendigini bellediler.