Zenan zehininden döreýän gözellik


Zenan zehininden döreýän gözellik



Göreniňde gözleriňi dokundyrýan gözellikleriň ençemesi ynsanyň zähmeti bilen kemala gelýär. Zenanlar hem gözellikleri döredijiler bolup, gözleriniň gören, göwünleriniň söýen ajaýyplyklaryny el işlerine, keşdedir gaýmalara geçirip, olaryň keşbini baky ýaşadýarlar.
Halkymyzyň pähim-paýhasyndan, eli çeper ene-mamalarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň zehin-yhlasyndan kemala gelen nepis halylardyr gülli keçeler, sünnälenip nagyşlanan milli lybaslar, inçelik bilen edilen el işleri hiç haçan bahasyny ýitirmejek milli gymmatlyklarymyzdyr. Gelin-gyzlarymyzyň uz barmaklaryndan döreýän el işleriniň ählisi-de nepis sungat hasaplanylýar. Köz ýaly ýanyp duran keteni köýnegi, dürli nagyşlara beslenen çyrpydyr kürtesi, çabytdyr begresi owadanlygy bilen görenleri haýran edýär. Päk zähmetden kemala gelýän keşdelerde tebigatyň gözelligine gözellik goşýan müň dürli gülleriň keşbini görmek bolýar. Köýnekleriň ýakalarynyň, çabytdyr kürteleriň keşdeler bilen sünnälenip, nagyşlanylyşyny göreniňde, ene-mamalarymyzyň «iňňe bilen guýy gazan ýaly» diýen sözüniň asyl manysyna düşünýärsiň. Şeýle täsin gözellikler görenleri özüne bendi edýär.
Milli lybaslarymyza salynýan her bir nagyş zenanyň zehininden döreýär. Gelin-gyzlarymyzyň yhlas hem-de mähir siňdirip, bejeren ýeň-ýakalarynyň has owadandygynyň, göze gelüwlidiginiň syry bolsa zenanlarymyzyň el hünärine ussatlygyndadyr. Türkmen tebigatynyň gülünden, gunçasyndan nusga alnyp, döwrebaplaşdyrylyp döredilen nagyşlar bu günki gün milli lybaslarymyzy bezeýär. Zenanlaryň elleriniň hünäri bolan keşdedir gaýmalar, halydyr palaslar, kilimler ýüreklerde baky orun alan gözelliklerdir.
Goý, çeper elli zenanlarymyzyň döredýän ajaýyp nusgalary ajaýyp döwrümiziň gözelligine gözellik goşsun!

Dünýägözel ORAZOWA