Milli mirasymyz - egsilmez hazynamyz


Milli mirasymyz - egsilmez hazynamyz



Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň meýilnamasyna laýyklykda, Maddy däl medeni miras müdirliginiň gurnamagy esasynda, 2023-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda sagat 10.00–11.00-da Balkanabat şäheriniň, Balkan welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde senetçileriň sergisi we maslahat geçirildi. Bu geçirilen çärä talyp ýaşlar, mugallymlar, senetçiler we döredijilik intelegensiýanyň wekilleri gatnaşdy.

Maslahatyň dowamynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Ç.Rüstemowa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara guramalary departamentiniň ikinji sekretary F.Muradowa, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygy G.Magtymgulyýewa, Balkan welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory A.Hojaberdiýewa, Balkan welaýat kitaphanasynyň direktory M.Meredow, Balkan welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri, mirasgär Akbibi Gurbannazarowa çykyş etdi.

Maslahatyň dowamy 15-nji sentýabrda sagat 15.00–17.30-da, 1-nji bölümçe «KITAPHANA – MEDENI MIRASYŇ LOKAL MERKEZI» ady bilen Balkan welaýat kitaphanasynda geçirildi.

Çykyş edenler: «Halk döredijiligi, adamzadyň ruhy dünýäsi» çykyşy bilen Balkan welaýat kitaphanasynyň direktory Myrat Meredow, «Kitaphana ulgamy – halkyň ruhy medeniýetiniň mirasydyr» çykyşy bilen Mary welaýat kitaphanasynyň direktory Ýazgül Sarykowa, «Kitaphana – medeni mirasyň lokal bölegi» atly çykyşy bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň direktory Altyn Kakaýewa, «Kitaphana ulgamy kämilleşýär» atly çykyşy bilen Lebap welaýat kitaphanasynyň direktory Göwher Amanowa, «Şöhratly taryhymyz milli gymmatlyklarymyzyň dowamaty» atly çykyşy bilen Balkan welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy Baýramgül Atjanowa, «Türkmen şekillendiriş sungatynda milli gymmatlyklarymyzyň beýany» atly çykyşy bilen Balkan welaýatynyň Gyzylarbat şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymy Ajap Annaamanowa.

2-nji bölümçe «MADDY DÄL MEDENI MIRAS HÄZIRKI ZAMAN MUZEÝLERDE: NAZARYÝET WE USULYÝET».

Çykyş edenler: «Muzeýler maddy däl mirasymyzyň sarpalanýan mukaddes ojagydyr» atly çykyşy bilen Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky «Gökdepe» milli muzeýiniň direktory Merdan Hydyrow, «Taryhy gymmatlyklarymyzy muzeýleşdirmekde usuly tejribäniň tutýan orny» atly çykyşy bilen Balkan welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Azatgül Hojaberdiýewa, «Şowhun medeni miras hazynamyz» atly çykyşy bilen Daşoguz welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Allanazar Garajanow, «Medeni miras halkyň ruhy baýlygynyň binýady» atly çykyşy bilen Mary welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Töre Nobatow, «Muzeý gezelençlerinde maddy däl mirasyň waspy» atly çykyşy bilen Balkan welaýatynyň Gyzylarbat şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri Maksat Işantaýew, «Milli mirasymyzda Magtymguly Pyragynyň waspy» atly çykyşy bilen Balkan welaýatynyň Magtymguly Pyragy muzeýiniň ylmy işgäri Bagtygül Aýidowa.