Elbukja


Elbukja



Elbukja gelin-gyzlaryň gerekli esbaplary salynýar. Türkmen zenanlary ownuk-uşak zatlaryny saklamak üçin gutulary, egin-eşigini saklaýan bukjalary, çuwallary, torbalary ulanypdyrlar. Gyzlar ese-boýa galyp, dokuz-on ýaşandan eýýäm şol gyzyň özüne degişli zatlary bolupdyr. Elbukja onuň ilkinji şahsy esbaplarynyň biridir. Bukja aýna we başdarak salmaga niýetlenip taýýarlanylýar. Ol mata böleklerinden, gyýkyndylardan tikilýär. Oňa pugtama nagşy salnyp, alaja edilýär. Elbukja hakynda halk döredijiliginde şahyrana setirler hem döräpdir.

El bukjam-a, el bukjam,
Derýadan geçen bukjam,
Derýanyň ownuk daşy,
Ýeňňemiň galam gaşy,
Ýeňňem gelsin göreli,
Alyn saçyn öreli,
Birje tary kem bolsa,
Altyn berip alaly.