TÜRKMEN KOMPOZITORLARYNYŇ ESERLERINDE BEÝIK WATANÇYLYK URŞUNYŇ BEÝANY


TÜRKMEN KOMPOZITORLARYNYŇ ESERLERINDE BEÝIK WATANÇYLYK URŞUNYŇ BEÝANY

Uruş temasy türkmen kompozitorçylyk mekdebiniň dürli nesilleriniň wekilleriniň elmydama üns merkezindedir. Watançylyk temasy görnükli türkmen kompozitory Weli Muhadowyň tutuş döredijiliginden eriş-argaç bolup geçýär. Onuň bu temada ýazan sazlarynda hem halk sazynyň täsiri bar. Onuň d bilen bagry badaşmak W.Muhadowyň ähli eserleriniň gönezligidir. Goý, şol ylham beýik Magtymgulynyň keşbine bolsun ýa-da döwürdeşlerimiziň keşbine siňdirilen bolsun, parhy ýok, olaryň her birinde hakyky häsiýetler, janly keşpler ýatandyr. Mysal üçin, «Gahrymançylykly» atly №2 simfoniýasyny (1984) ol Beýik Watançylyk urşunyň gahrymany Aýdogdy Tahyrowa bagyşlaýar. Onuň möçberiniň juda uly göwrümli çykmagy tötänden däldir. Kompozitoryň özi ýalyndan geçen adam. Uruş onuň kalbynda öçmez ot goýdy. «Söweşdeş ýoldaşlarym ýygy-ýygydan göz öňüme gelýär, eneleriň hem gelinleriň gören görgüsi-de ýadymda...» diýip kompozitor ýatlaýar.

Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda wepat bolanlaryň ýadygärligine bagyşlanan, G.Bäşiýewiň goşgularyna ýazylan a’capella hory üçin poema hem W.Muhadowyň meşhur eserleriniň biridir (1971). Bu poema beýleki eserlerden özüniň polifoniki ösüşi bilen tapawutlanýar, şonuň netijesinde-de poemanyň sazy adatdan daşary täsirlilige we dramatizme eýedir.

Türkmen kompozitorlarynyň arasynda uruş temasyna ýüzlenmekde Aşyr Kulyýew hem möhüm orunda durýar. Ol bu ugurda birnäçe uly göwrümli eserleriň awtorydyr. Ol «Abadan» (Ý.Meýtus bilen bilelikde) atly urşa bagyşlanan ýeketäk türkmen operasyny, «Gumdan tapylan ýürek» baletini ýazýar. Awtoryň ençeme aýdymlary hem urşuň gazaply suratlary bilen bagly. 1942-nji ýylda Aşyr Kulyýew halk gahrymanynyň edermenligini beýan edýän «Gurban Durdy» poema-kantatasyny ýazýar. Kompozitoryň öz watandaşynyň gahrymançylygyna bolan gyzyklanmasy tötänden däldir. Ol halkyň öz goragçysy we azat edijisi hasaplaýan adamynyň çuňňur tekepbirlik duýgularyny şöhlelendirýär. Beýik Watançylyk urşunyň gahrymany Gurban Durdynyň görkezen gahrymançylygy birnäçe eserlerde öz beýanyny tapýar. Aşyr Kulyýewiň poema-kantatasy, şeýle-de B.Kerbabaýewiň we A.Kekilowyň poemasy, suratkeş H.Allaberdiýewiň «Gurban Durdynyň frontdan gaýdyp gelmegi» atly suraty onuň beýik gahrymançylygyna bagyşlanýar.

Ajaýyp türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň harby-watançylyk temasy bütin döredijiliginiň dowamynda onuň ünsüni özüne çeken temalaryň biri boldy. Ilkinji aýdymlaryndan başlap, has öňe çykan bu tema soňra-da onuň birnäçe eserleriniň içinden geçýär. Üç solist hem garyşyk hor we simfoniki orkestr üçin ýazylan «Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan gahrymanlaryň ýadygärligine» atly wokal-simfoniki poemasynda bu tema bolan hyjuwyny has dolulygynda ýüze çykarýar. Eser 1974-nji ýylda awtoryň özüniň ýakyn dosty Gurbannazar Ezizow bilen döredijilik hyzmatdaşlygy esasynda ýazyldy. Eser uruş ýyllarynyň wakalaryny däl-de, olar baradaky ýatlamalary we oýlanmalary açyp görkezýär. Bu häsiýetleri eseriň bölümleri hem aýdýar: birinji bölüm «Giriş», ikinji bölüm «Esgeriň ýatlamalary», üçünji bölüm «Rekwiýem». Munuň özi özboluşly triptihdyr. Bu ýerde gyraky bölümleriň sabyrly-matam owazlary we ortaky bölümiň ýumşak, ýagty lirikasy agdyklyk edýär.

Nury Halmämmedowyň kamera-instrumental žanrynda döreden iri eserleriniň biri-de faşistik konslagerinde gynalan enelere we çagalara bagyşlanyp ýazylan kirişli saz gurallary üçin kwartetidir. Eser 1976-njy ýylda ýazylýar. Nury Halmämmedowyň sol minor kwarteti 1970-nji ýyllarda döredilen türkmen eserleriniň arasynda iň gowularynyň biridir.

1972-nji ýylda meşhur türkmen kompozitory Çary Nurymow tarapyndan döredilen «Ölmez-Ýitmez» baleti biziň ýurdumyzyň beýleki halklar bilen hoşniýetli dostlugynyň iň gowy şaýady boldy. Eseriň esasyna Beýik Watançylyk urşunyň gahrymany gyrgyz ýigidi Çolponbaý Tuleberdiýew goýulandyr. Awtorlar (librettoçylar M.Ahunbaýew we R.Urazgildiýew, sahnalaşdyran U.Sarbagişew) gahrymanyň durmuş ýoluny beýan etmegi maksat edinmediler. Olar gahrymançylyk başlangyjyny umumylaşdyrylan simfoniki meýilnamada açyp görkezmäge jan etdiler. Şonuň üçin sýužet esasy aýdyň durmuşylykdan azatdyr, olar Gahryman, Söýgi, Ölüm, Durmuş diýen ýaly umumylyga agram salýarlar. Urşuň aýratyn epizody ählihalk gahrymançylygyny açyp görkezýär. Spektaklyň esasy netijesi – durmuşy mäkämleşdirmek – sowet halkynyň ölmez-ýitmez gahrymanynyň üsti bilen görkezilýär.

Bu balet Gyrgyz opera we balet teatrynyň tabşyrygy boýunça döredilen. Temany açyp görkezmekde iki sany gapma-garşylykly keşpleriň toplumy peýdalanylýar. Bir tarapda gaty, «şakyrdaýan» sazlaşyk, kütek mehaniki ritmler, döwülen hromatiki hatarlar ýerleşýär. Bu serişdeler bilen Ölüm häsiýetlendirilýär. Durmuş we Söýgi keşpleri ýagty-baýramçylykly heň görnüşinde we mazmuna baý bolan gyrgyz halk heňinde görkezilýär.

Ses we orkestr üçin poema (1972 ýyl) hem awtoryň urşa bagyşlanan eserleriniň ýene biridir. Agyr, hasratly we pajygaly ýagdaýlary suratlandyrmak üçin kompozitor «Aglamaýynmy» diýen agy aýdymynyň heň öwrümlerinden peýdalanýar.

Türkmen kompozitorçylyk mekdebiniň görnükli wekilleriniň biri Aman Agajykowyň döredijilinde hem harby-watançylyk temasy möhüm orun tutýar. Kompozitoryň birinji simfoniýasy (1970 ýyl) faşizme garşy göreşde wepat bolanlara bagyşlanandyr. Üç bölümli toplum sowet halkynyň edermenligine we gaýduwsyzlygyna bagyşlanan eseriň esasy pikirini açyp görkezýär. Eseriň kirişli saz gurallaryň unison beýan edýän ýowuz giriş temasy dürli sazlaşykda garşy goýulýar: hasratly-liriki (birinji bölüm) we has ýagty heňli (ikinji bölüm). Simfoniýany halk baýramçylygyny suratlandyrýan kömege çagyryjy esasy temasy bilen finalyň gahrymançylyk optimizmi tamamlaýar.

Onuň uly wokal simfoniki eserleriniň arasynda urşuň pajygaly wakalaryny görkezýän «Näbelli esger hakynda aýdym» kantatasy möhüm ähmiýete eýedir.

Awtoryň wokal-kamera žanrynda döreden eserleriniň birnäçesi hem urşuň wakalary bilen baglydyr. Beki Annaýewiň goşgularyna ýazylan «Bakydyr olar» (1999 ýyl) atly wokal toplumy urşuň şöhlelendirilmeginiň ajaýyp nusgasydyr.

Häzirki döwrüň tanymal kompozitory Suhan Tüýliýewiň Beýik Watançylyk urşy barada Nobatguly Rejebowyň goşgularyna döreden «Ebedi oduň başynda» atly saz eseri kantata žanryna goşulan uly goşantdyr.

Weli Muhadowyň, Weli Ahmedowyň, Aman Agajykowyň, Durdy Nuryýewiň, Nury Halmämmedowyň, Çary Nurymowyň, Rejep Rejebowyň, Rejep Gutlyýewiň we ençeme beýleki türkmen kompozitorlarynyň uruş hakynda aýdymlary Watanyň azatlygy we garaşsyzlygy ugrundaky göreşe çagyrmak bilen, batyr esgerleriň gahrymançylygyny we edermenligini wasp edýär.

Nagmat ÖWEZDURDYÝEW