Çaga at goýmak
Her bir türkmen maşgalasynda çaga at dakmak meselesinde örän jogapkärli çemeleşilýär. Eger-de maşgalada çaga durmaýan bolsa, onuň uzak ýaşamagy arzuw edilip, Italmaz, Dursun, Tagan, Kürre ýaly atlar dakylypdyr. Çünki, çaga durmasa gelşiksiz at dakylsa, «ýaşy uzak bolýar» diýip yrym edilipdir. Ata-babalarymyz çaga at goýmak meselesine aýratyn üns beripdirler. Bäbege at goýlanda tebigi hadysalar, aýlar, günler hem nazarda tutulypdyr. Ýagyşly-ýagmyrly gün dünýä inen oglanjyga Ýagmyr, Ýagdy, Garly, Garýagdy ýaly atlar goýulan bolsa, remezan, meret, baýram aýalarynda dünýä inen gyzjagaza Baýramgül, oglanjyga Remezan, Meret ýaly atlar goýlupdyr. Anna, juma günleri dünýä gelenlere şol günler bilen baglylykda at goýlupdyr. Eger maşgalada diňe gyzjagazlar dünýä inýän bolsa, yzyndan ogul bolsun diýen ýagşy yrym bilen Ogulboldy, Ogulgerek, Oguldöndi, Ogulsabyr ýaly atlar goýlupdyr. Käte bolsa gyzjagazlara Bessir, Doýduk, Gyzsoňy ýaly atlaram goýupdyrlar. Ýaşuly nesillerimiz häzir çagalara gelşikli, ulalanda ýüzi utanmaz ýaly atlaryň dakylmagynyň tarapdary. Gyzlara at dakylanda owadan guşlaryň, gülleriň, ösümlikleriň atlary ýygy-ýygydan ulanylsa, oglanjyklara Serdar, Merdan, Batyr ýaly atlary goýýarlar. Maýa ýaly çydamly, dogumly, mylaýym bolsun diýen ýagşy niýet bilen türkmenler gyza Maýa, Maýagözel, Akmaýa ýaly atlary hem goýýarlar. Halk arasynda gül, gülälek, läle bilen baglanyşykly atlar has köp gabat gelýär. Gülaýym, Güljahan, Güljemal, Gülsoltan, Ýazgül, Akjagül, Gyzylgül, Sarygül ýaly atlar has köp gabat gelýär. Çaga at dakylanda «adyna eýe bolsun, uzak ýaşasyn» diýip ýagşy dileg edýärler.