BILERMENLER TOPARYNYŇ MASLAHATY GEÇIRILDI


BILERMENLER TOPARYNYŇ MASLAHATY GEÇIRILDI

Türkmenistan umumadamzat ähmiýetli mirasa baý ýurtlaryň biri hasaplanylýar. Bu gadymy toprakda türkmen halky tarapyndan müňýyllyklara dowamat boljak medeni-taryhy ähmiýetli gymmatlyklaryň ençemesi döredilipdir we olar nusgawy derejelere ýetirilipdir. Häzirki döwürde Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyzyň milli mirasyny, medeni gymmatlyklaryny gorap saklamak, öwrenmek we olaryň umumadamzat ähmiýetini dünýä derejesinde wagyz etmek boýunça alnyp barylýan döwletli işler guwandyryjy netijesini berýär. Mälim bolşy ýaly milli gymmatlyklarymyzyň naýbaşy nusgalarynyň umumadamzat ähmiýeti ykrar edilip, ÝUNESKO-nyň abraýly sanawynda mynasyp orun eýeledi.

Golaýda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde geçirilen Türkmenistanyň milli maddy däl medeni mirasy boýunça bilermenler toparynyň geňeşiniň giňişleýin mejlisinde hem türkmen halkynyň paýhas siňdirip döreden amaly-haşam sungaty, senetçiligi, olary aýawly ýagdaýda geljekki nesillere ýetirmek, naýbaşy nusgalarynyň dünýä derejesinde ykrar edilmegi boýunça alnyp barylýan işler baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlise toparyň düzümindäki alymlar we ýörite hünärmenler gatnaşdylar. Olar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkyň şöhratly geçmişine, medeni mirasyna uly hormat goýlup, olary gorap saklamak, we dünýä ýaýmak ugrunda giň möçberli işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýratyn nygtap geçdiler hem-de türkmen halkynyň nusgalyk gymmatlyklarynyň dünýä derejesinde ykrar edilmegi dogrusynda durmuşa geçirýän beýik işleri üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlaryny beýan etdiler.



Maddy däl medeni miras müdirligi