Tamdyr salmak


Tamdyr salmak



Tamdyr mukkaddesdir. Onda adamyň höregi-çörek bişirilýär. Türkmen zenanlary hemişe tamdyrynyň, ojagynyň suwalgy, gelşikli, abat bolmagy üçin alada edýärler. Gyş-ýaz aýlary ýagyn ýaganda hem üstüni basyryp goýýarlar. Tamdyrdyr ojak tekiz-ýylmanak edilip suwalan bolsa, şol öýüň zenan maşgalasynyň işeňňirliginiň, öý-ojagynyň eýesiliginiň alamatydyr. Öňki döwürlerde gudaçylyga barlanda hem şol öýüň iç-daşy bilen birlikde ojakdyr tamdyry synlanypdyr. Tamdyryň düýbi sähetli gün tutulýar. Tamdyr salnanda onuň tegelek bolmagy üçin ilki merkezi bellenilip, ýarym gulaç ýüp bilen bellenen merkezden daş-töweregine aýlap çykýarlar. Şeýlelikde tamdyryň tegelek ölçegi alynýar-da, tegeläp, kerpiç örülip başlanýar. Kerpiçleriň arasyna goýjak palçygyň hem şykgy bolsa has gowy. Yogsa çörek ýapylanda arkasy kesekli bolýar. Tamdyryň laýy toprak bilen köne saman garylyp taýýarlanylýar. 1-2 günläp demini alar ýaly edilip goýulýar. Tamdyryň kerpiçlerini ýuwaş-ýuwaşdan içine egip daraltmaly. Şeýlelikde, örüldigi saýy tamdyr egilip, agzy daralyp başlaýar. Tamdyryň agzyna eýlenen şykgydan bilekse edilýär. Agzy repide sygaýar ýaly edilip daraldylýar. Ondan soň hälki saman goşulyp, gowy eýlenen we 1-2 gün goýlan lay bilen ilki tamdyryň içi suwalýar, soňra daşy suwalýar.

Sap laýdan edilýän tamdyrlar hem bolýar. Sap laýdan ediljek bolsa, onda tamdyr üçin gerek boljak şykgydan edilen laýyň hemmesi gowy edilip eýlenip, üsti basyrylyp goýulýar. Eýlenip taýýarlanan laýdan bilek ýaly edip, togalap edil kerpiçden örülişi ýaly edip, tegelenip örülýär. Ýöne sap laýdan salnanda, üç-dört örüm edilenden son, şol örümler gataýança garaşmaly. Şonda üstüne halta ýa-da başga şoňa meňzeş bir zat ýapyp, basyryp goýmaly bolýar. Ol berklik üçin şeýdilýär. Tamdyr sap laýdan edilende wagt gerek bolýar. Muňa garamazdan, laýdan edilen tamdyrlar nepis hem berk bolýar. Çörek ýapylanda arkasy keseksiz bolýar. Tamdyr salnyp başlananda körük goýmaly. Örülip başlanandan 12-15 sm. ýetende, dört tarapyndan körük goýulýar. Tamdyr doly salnyp, içi – daşy suwalandan soň, içine odun salnyp, tüsseläp ýanar ýaly edýärler. Tamdyr tä agarýança odun salnyp gyzdyrylýar. Tamdyryň içi agarandan son, iç ýüzüne şerebe sepilýär, soňra çörek bişende keseksiz bolar ýaly içi gowy süpürilip çykylýar. Şonda biraz pagta ýagyny hem çalýarlar. Soňra tamdyr täzeden gyzdyrylyp, petir çörek ýapylýar. Tamdyrda ilkinji bişen çörekler goňşy-golama paýlanylýar. Halk arasynda «Petir çörek gordan gorkmaz» diýen pähim bar. Gaty gyzdyrylan täze tamdyra hem petir çörek ýapylýar. Tamdyr keramatly, mukaddes zat, şonuň üçin oňa salynýan odun hem arassa bolmaly. Eger odun arassa bolmasa, çörek ýapylanda syrylyp gaýdýar.

Çörek bişirmek hem özboluşly sungat. Onda arassaçylyk diýseň zerur. Zenan maşgala çörek bişirjek bolanda, elini ýuwmaly. Hamyr ediljek bolnanda ilki kendirik ýazylýar. Soňra näçe çörek bişirjek bolsaň şoňa laýyk un elenýär. Hiç haçan türkmen maşgalasynda kendirik unsuz goýulmaýar. Un gutarsa baýadyk diýilýär. Içi urbaly, unly kendirik öýüň bereketi, rysgaly we bolçulygyň alamaty diýlip yrym edilýär. Hamyrmaýa kendirikde daşyna un sepilip goýulýar. Eger hamyrmaýa gatan bolsa, onuň gaty ýerleri aýrylyp, ýumşagrak ýerinden alyp, hamyrturşy täzelenilýär. Ony täzelemek üçin hamyrmaýany jama salyp, üstüne birazajyk mylaýym suw guýmaly. Mynçgalamaly, biraz un guýup, hamyr görnüşine getirmeli we içi galýança basyryp goýmaly. Birazdan täze hamyrmaýa taýýar bolýar. Ondan soň hamyr edibermeli. Hamyr edilensoň ony saçak bilen dolap, ýyly bir zat bilen basyrmaly. Hamyr edilende eliňi ýuwman daşaryk çykmaly däl. Hamyr alandan soň, eliň bilen hamyry ýuwaşja tapbatlap görmeli. Alan bolsa böleklere bölmeli, hamyry ýasamaly, ýagny birazrak ýaýradyp, ýukalamaly. Ondan soň, hamyr çanagyň içine saçak ýazylýar. Ýasalan hamyrlar biri-birine ýelmeşmez ýaly arasyna azajyk un sepelemli. Üstüni saçak bilen ýapyp goýmaly.

Indiki etmeli işimiz – tamdyra ot goýbermeli. Halk arasynda «Odunyňy aýama, nanyňy söýeme» diýen pähime eýerilip, tamdyry gowy gyzdyrmaly. Pähimde aýdylyşy ýaly tamdyr gowy gyzmasa, çörekleriň arkasyny söýäp bişirmeli bolýar. Tamdyr gowy gyzsa, onuň içi agarýar. Tamdyryň içi ýagşy agarandan son, odun salynmaýar we köz orta üýşürilýär, körükler ýapylýar. Soňra közüň üstüne suw sepelenýär, gyzgyn tamdyr çöregiň arkasyny ýakaýmasyn ýa-da gyzgynladaýmasyn diýip, ilkinji çöregiň ýapyljak ýerine suw sepilýär. Çörek ýapylanda, ýüzüňi ýaglyk bilen ýapmaly, eliňe ýeňlik geýmeli. Onsoň ýasalan çörekleri dürtgüç bilen dürtmeli. Çörege dürtgüç dürtülende hem yrym edilip, ilki gyrasyna soňra aýlanyp çöregiň ortasyna dürtülýär. Her bir türkmen maşgalasynda ir bilen örülip, her kim işli-işine gidýär. Öýüň bikesi olaryň hemmesiniň agzybirlik bilen öýe ýygnanmagyny dileg edip, çöregiň gyrasyndan başlap, ortasyna çenli dürtýär. Birinji çöregi ýapjak bolaňda : «Bissimylla, Pir pugta, men ýapaýyn sen, togta» diýip ýapylýar. «Kirim uşaksyz nanym kökesiz bolmasyn» diýýän türkmen çöregiň gapdalyndan köke hem ýapýar. Hemme çörek ýapylyp bolnandan son, çöregiň ak suwuny bermeli. Ondan son tamdyryň agzyny ýapmaly. Bu ýerde endige görä, hamyr edilen çanak hem bedreli suwdan alnyp ýuwulýar we tamdyryň üstüne düňderilýär. Ol tamdyryň ýylysyna guraýar, ondan soň ony çörek ýasalýan sekiniň üstünde goýmaly. Ol çörekler bişensoň salyp, alyp gitmäge gerek bolýar.

Indi çöregiň gyzyl suwuny bermeli. Eger çörekler haýal gyzarýan bolsa, onda kesewi bilen ody dörüşdirmeli. Ilkinji çörek gyzarandan ony ýeňlik bilen goparyp almaly, ýüzüne suw sepip, agaç sekiniň üstünde goýmaly. Ilkinji bişen çöregi hiç kim döwmeli däl. Ol şol öýüň rysgaly hasaplanylyp yrym edilýär. Ikinji çörek bişenden soň, ony daş-töwerekdäkilere hödür-kerem etseň bolýar. Ondan dadanlar tagamyň hakyna doga-töwür edip, bişirene-düşürene saglyk dileýär. Keramatly tamdyryň başynda okalan töwürler kabul bolarmyş. Çörek bişirilende köçeden biri geçip barýan bolsa, şoňa hem hödür edilýär. Kökeler bolsa çagalara paýlanylýar. Çagalar ol kökeleri suwa basyp, hezil edip iýýärler.

Tamdyryň içindäki hemme çörekler bişensoň, tamdyr suwundan «Bissimylla» diýip, tamdyryň içindäki közüň üstüne üç sapar suw sepelemeli. Tyllaýy Güne meňzäp bişýän çöreklerimiz saçaklarymyzyň bereketidir.