Ýazmuhammet Köse
(1875-1944)
Türkmen halkynyň gadymdan bäri dowam edip gelýän saz senediniň biri bolan gargy tüýdügiň hakyky eýeleri hakynda söhbet açylanda ozaly bilen ussat sazanda Ýazmuhammet Kösäniň ady ýadyňa düşýär. Hormatly Prezidentimiziň «Ile döwlet geler bolsa...» atly kitabynda: «Bagşyçylygyň Mary mekdebi ýerine ýetirijilik däpleriniň özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Aly bagşy, Oglan bagşy, Agajan bagşy, Gelenje ussa, Ýegenoraz bagşy, Illek bagşy, Peýdaguly tüýdükçi, Hajyk bagşy, Hydyr bagşy, Ýazmuhammet Köse, Sähet Porsyýew, Annaguly Sary, Nursähet Halsähet we Girman bagşy salyr-saryk ýolunyň düýbüni tutujylar hasaplanýar. Meşhur bagşy we sazanda bolmak bilen, bu ussatlar zehinli ýaşlaryň ençeme neslini ösdürip ýetişdirdiler» diýip belleýär.
Ýazmuhammet Köse 1875-nji ýylda Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynda dünýä inýär. Agajan tüýdükçini, Peýdaguly tüýdükçini özüne halypa edinýär, olardan gargy tüýdük mukamlarynyň gadymky çalnyş usullaryny öwrenýär. 1925-nji ýylda ol türkmen halk saz mirasyny öwreniji rus alymy Wiktor Aleksandrowiç Uspenskiý bilen duşuşyp, oňa gargy tüýdükde «Hörele gubam», «Düşmüşem zyndana», «Gyratym», «Eý, hoý» ýaly heňleri çalyp berýär. Soňra Ýazmuhammet Köse Aşgabadyň Türkmen döwlet filarmoniýasyna çagyrylýar we Halk saz gurallary ansamblynda işe başlaýar. 1935-nji ýylda ussat tüýdükçi Moskwa şäherinde geçirilen aýdym-saz ýazgysyna gatnaşyp, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Nursähet Halsähediň, Jumasähet bagşynyň aýdan aýdymlaryna sazandarlyk edýär hem-de «Gülüm Öwezjan», «Nowaýy» atly heňleri gramplastinka üçin ýazgy edýär.
Halypa tüýdükçi Baky Maşak, Şajyk Gulow, Musa Allamyrat, Nury tüýdükçi, Öwez tüýdükçi ýaly şägirtleri ýetişdirýär. Ýazmuhammet Köse «Çuwal serpen», «Begler», «Gelin mukamy», «Mämişi gökleň», «Bady saba», «Göç egrem», «Gülälek» ýaly sazlaryny nesillere ýadygär goýup, özüniň uly sungatyny ulus-iline bagyş edýär.