«Türkmenistan ýüpekçiligiň gadymy mekany» atly maslahat we sergi geçirildi
Türkmen halky ýüpekçilik bilen has irki döwürlerden bäri meşgullanyp gelýär. Dünýäde iň oňat matalaryň Merwde, Nusaýda dokalandygy barada taryhy maglumatlar, halkymyzyň ýüpek gurçugyny saklamak we onuň pilesinden ýüpek almak däpleri, ýüpekden dokalýan keteni we beýleki matalarymyz, düýpli gyňajymyz, keşde çekmek hem-de tikin işlerinde ulanylýan ýüpek sapaklarymyz muňa doly şaýatlyk edýär. Türkmen ýaýlasy ýüpek matalary, ýüpek halylary bilen dünýäde meşhurlyk gazanypdyr.
Ýüpek gurçugynyň tohumyny köpeltmek, pile we ýüpek öndürmek, ýüpegi gatlamak, boýamak we ondan mata dokamak, mata dokalýan senetleri, gurallary ýerli önümlerden ýasamak halkymyzyň örän gadymy döwürden nesilme-nesil geçip gelýän hünäridir. Bu hünär ähli döwürlerde-de, şu günler hem gadymkysy ýaly dowam edýär.
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň bilelikde gurnamagynda 2022-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Türkmenistan ýüpekçiligiň gadymy mekany» atly maslahat we sergi geçirildi. Maslahatda ýüpekçilik, onuň taryhy kökleri, ýüpek öndürmegiň däpleri, tilsimdir tärleri, halk tejribesi barada çykyşlar edildi. Maslahatyň çäginde milli mirasymyzyň medeni gymmatlyklary sergilendi.
Häzir türkmen ýüpek matalarynyň şöhraty örboýuna galdy. Oňat keşdelenip ýüpek matalardan tikilen egin-eşiklerimize, elde dokalan keteni we beýleki matalara bildirilýän islegiň çägi ýok.