SAHAWATYŇ ÇEŞMESIDIR SAÇAGYM
Saçak türkmeniň rysgal-bereket gymmatlygy. Sahawatly halkymyz saçak ýazyp, supra ýaýan halk. Menzilleri külterläp gelen taryhy ýolumyzda saçak taýýarlamak senetçiligi hem giň gerime eýe bolupdyr. Her bir maşgalanyň öýüniň bereketiniň mukaddes nyşany hasaplanylýan saçaklaryň dürli görnüşleri taýýarlanypdyr. Mata saçaklar düýe ýüň saçagyň içinden çörekleri dolap goýmak üçin tikilip taýýarlanypdyr. Düýe ýüň saçaklar bolsa düýe ýüňünden dokalyp, mukaddeslik derejesine ýetirilipdir. Keramatly saýylýan düýeleriň ýüňünden ynsanyň höregi hasaplanylýan çörekleri dolap goýmak üçin saçak dokalypdyr. Düýe ýüň saçak çöregi ýumşak saklaýar. Düýe ýüň saçaga dolanan çörekler zaýalanmaýar. Saçak her bir türkmen üçin iň mukaddes zat hasaplanylýar. Ol her bir öýde mukaddeslik hökmünde saklanylýar. Düýäniň ýüňünden dokalan saçagy öýüňde saklasaň, ol rysgal döwletiňi saklaýar – diýlip yrym edilýär.
Her bir türkmen maşgalasynda saçaga aýratyn gadyr-hormat goýulýar. Ony ulananyňda seresap ulanmaly. Aýak astyna almaly däl, basmaly däl, harlamaly däl. Ol rysgal-döwleti özünde jemleýär. Mele-myssyk çörekden doly saçak öýüň bereketidir. Öýe myhman gelse ilki bilen öňüne saçak äberilýär. Bu halkymyzyň myhmansöýerlik häsiýetini açyp görkezýän milli däplerimiziň biri. Toýa saçakly barylýar. Onuň üçin toý saçagy taýýarlanylýar. Saçaga salmak üçin pişme, ýagly çörek, gatlama ýaly milli we datly tagamlar bişirilýär. Bu tagamlar saçaga salnyp toýa eltilýär. Arzyly myhman saçakly garşylanýar.
Düýe ýüňünden taýýarlanylýan saçaklar aýratyn ähmiýete eýedir. Ol “Düýe maly-dünýe maly” diýlip arzylanan düýeleriň ýüňünden sünnälik bilen dokalyp taýýarlanylýar. Düýäniň ýüňem, etem, süýdem, çalam peýdaly, köp dertleriňem dermany.
Gahryman Arkadagymyzyň parasatlylyk bilen belleýşi ýaly Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregidir. Türkmenistandan Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen dünýä uzan ýollarda düýe kerwenleri gatnapdyr we türkmeniň iň nepis we naýbaşy gymmatlyklary dünýä bazarlaryna çykarylypdyr. Bu mukaddes toprakda önýän gawunlardan taýýarlanylan kakdyr söklerimiz, ýüzükden geçme matalar, meşhur haly önümleri dünýä bazarlarynyň arzyly gymmatlyklary hökmünde meşhurlyk gazanypdyr. Şeýle bolansoň türkmen düýe malyny dünýä malyna deňäpdir. Keramatly saýylýan düýeleriň ýüňünden dürli önümler taýýarlanylypdyr. Olaryň iň meşhurlarynyň we nepisleriniň biri hem düýe ýüň saçakdyr.
Düýe ýüň saçagyny taýýarlamak üçin düýe ýüňi gerek. Düýe ýüňi boýalmaýar. Tebigy reňkinde dokalýar. Düýe ýüňüniň meňzeşlerini saýlap alyp, ony arassalamaly, tüýtmeli, ýüň darakda daramaly, kiçiräjik pişgeler etmeli. Ondan soň erşini ikde aýratyn egirmeli, argajyny aýratyn egirmeli. Soňra ýumaklamaly. Saçak esasan torumyň gapdal ýüňünden alnyp, egrilip dokalýar. Torumyň gapdal ýüňi ýumşak bolýar. Ol inçe egrilip, syk dokalýar. Düýe ýüňüniň ählisi hem saçaga ýaraýar, ýöne torumyň ýüňi iňňän arassa bolýar, garry düýeleriň ýüňi bolsa irimçik bolýar. Ondan dokalan saçaklar onçakly nepis bolmaýar. Ene-mamalarymyz şeýle aýdypdyrlar: “Düýe ýüňi çoga bolmaz, goýun ýüňi – çyga”. Belläp geçişimiz ýaly torum ýüňi tüýdülip darakdan geçirilip pişge edilýär. Pişgäni ikde inçejik egrip, iç towuny gatyja edip bermeli. Iç towy gowy berlip egrilen saçaklar we agar çäkmenler syk hem nepis bolýar.
Saçaklygy ýere gazyk kakyp, sähetli gün ýüwürtmeli. Düýe ýüňünden egrilen ýüpler birikdirilip ýüwürdilýär. Saçagyň argajyny ilki goýbermeli, soň çekeräk bermeli. Soň arasyna saryja goýnuň ýüňünden boýalan reňkli sapaklar goşulýar. Saçagy öýüň içinde hem ýüwürdip bolýar. Biri mäşirigi gazyklaryň daşyndan aýlap gatnatmaly. Beýleki biri oturan ýerinde şol ýüpi gazygyň daşyndan aýlap almaly. Ilki aňyrdan gelýän ýüpi iki gazygyň daşyndan aýlap almaly. Soňra ikinji gezek gelýän ýüpi gazygyň arkasyndan alyp küjülemeli. Şeýdip ýüwürtmeli. Soňra dokap başlamaly. Saçak dokalanda gylyç uly orun eýeleýär. Saçak halynyňky ýaly darakda dokalman, erikden ýasalan gylyçda dokalýar. Dokalyp bolnansoň sähetli gün kesmeli. Ondan soň gatlaryny birleşdirip öz islegiňe görä göwrümde tikmeli. Öňki döwürlerde ene-mamalarymyz saçagyň diňe gyraňly tarapyna alaja tutupdyrlar. Beýleki kesilen iki tarapyna bolsa çypyrylmaz ýaly ildirmede suw tolkunyny ýatladýan nagşy salypdyrlar. Saçagyň kesilen iki tarapyna alaja tutulmazlygynyň sebäbi, “iki tarapdan rysgal gelýär” diýlip düşünilipdir. Düýe ýüň saçak çöregi ýumşak we arassa saklaýar.
Saçak dokamak bilen meşgullanýan zenanlarymyzyň berýän maglumatyna görä saçak dokalanda onuň bir ini 22-25 sm bolýar. Saçak üçin 4 – 5 in ulanylýar. Bu inler biri-birine çatylyp saçak taýýarlanylýar. Ýokarda-da belläp geçişimiz ýaly saçagyň iki tarapdaky kesik gyrasyna çypyrylmaz ýaly suw tolkunyna meňzeş nagyş salmaly. Saçak tamdyr çöregini burk urup duran ysy bilen ýumşak saklaýar. Täze saçak petli bolýar. Wagtyň geçmegi bilen saçagyň peti gidip ugraýar. Bir saçak eneden gyza geçip esli ulandyrýar. Eneden miras geçen saçak has mukaddes saýylyp, miras hökmünde aýalyp saklanylýar.
Saçak Güne meňzeş bolup tamdyrdan çykýan mele-myssyk nanlary dolap goýmaga niýetlenendir. Çarwadarlyk bilen meşgullanan türkmenler göçüp-gonup ýörenden soň, çörek saçagyň içinde ýumşak saklanypdyr. Zaýalanmandyr, isrip edilmändir.
Saçak dokamak hem gadymdan gelýän senetleriň biri. Ol çeper döredijilik ukybyna eýe bolan ussat enelerimizden bize miras galan el hünäri. Saçak dokamak mukaddes kär. Düýe ýüňi mukaddes hasaplanylýar. Mukaddes zatdan başga bir mukaddes zat taýýarlanylýar. Oňa “uly iliň soltany” bolan bugdaýdan bişirilip taýýarlanylýan mukaddes çörek dolanyp goýulýar.
Türkmen halky saçagy mukaddes hasaplaýar. “Rysgally bolsun” diýlip, jaý toýunda saçak sowgat edilýär. Täze jaýa göçülende ilki bilen içi çörekli saçak eltilýär. Gudaçylyga barlanda, toýa gidilende saçakly gidilýär. Saçakly gatnaşyk türkmeniň asylly däpleriniň biri bolup asyrlar dowamynda dowam edip gelýär. Bu mukaddes gymmatlyk barada ençeme rowaýatlar, halk döredijilik eserleri döräpdir. Şolaryň birini siziň dykgatyňyza ýetirýärin. Gadymdan gadym zamanlarda bir ýurt sorap oturan hanyň ogly bolupdyr. Ol ulalyp, ýigit çykansoň, han ony öýermek isläpdir. Emma hanyň ogly özüne mynasyp gyz tapmandyr. Ahyry han ýurda jar çekdiripdir. Ol öz ogluna mynasyp gyz gözleýändigini, gelinliginiň ählitaraplaýyn başarjaň-kämil bolmalydygyny mälim edipdir. Iň esasy hem oglana durmuşa çykjak gyz, oňa, öz eliniň çeperligini görkezmeli eken. Mundan soň gyzlar öz taýýarlan işlerini han ogluna sowgat edipdirler. Emma oglana olaryň hiç biri ýaramandyr. Bir obada bir sarwan bar eken. Ol sarwanyň eli çeper gyzy bar eken. Ol hem han oglunyň şertlerini eşidipdir we düýe ýüňüni darap, egrip, ony hem ýüwürdip, üýtgeşik bir zat dokamaga başlapdyr. Şeýle nepis, kämil önüm emele gelipdir. Sarwanyň gyzy ondan dörtburç edip biçip saçak tikipdir. Saçagyň gyralaryna bolsa ak-gara sapakdan alaja işip dakypdyr. Ondan soňra ýaňky gyz bugdaýy üwäp, un alypdyr. Ol uny bolsa eläp saryýag bilen süýt goşup çörek bişiripdir. Gün ýaly bolup gyzaryp tamdyrdan çykan çörekleri görmäge göz gerek eken. Süýde ýugrulyp ýugrumy ýeten hamyrdan bişirilen çörekler iýseň agzyňdan tagamy gitmeýän, ysy jennetiň ysyny ýatladyp duran çörekler bolup tamdyrdan çykypdyr. Gyz hälki düýe ýüň saçaga iki jübüt çöregi dolap han ogluna sowgat ugradypdyr. Düýe ýüňünden taýýarlanan saçak we tyllaýy Güne meňzeş datly tagamly çörekler han ogluna diýseň ýarapdyr. Olar saçakdan suw akydyp görüpdirler, emma suw saçakdan geçmändir. Saçaga dolanan çörekler näçe wagt geçse-de zaýalanmandyr, heňlemändir. Han ogly şol gyza öýlenmegi ýüregine düwüpdir. Sarwanyň gyzyna sawçylyga barlypdyr. Emma sarwanyň gyzydygyna seretmezden, gyz hem oglanyň öňünde öz şertini goýupdyr. Ol şertde oglan hem öz başarnygyny görkezmeli eken. Han ogly gyzyň bu şerti bilen ylalaşypdyr. Oglan gyzyl reňkli almany ýaýa salyp sarwanyň ak öýüni nazarlap atypdyr. Ak öýüň tüsse çykar tüýnügi açyk ekeni. Gyzyl alma ak öýüň depesine degip, şol tüýnükden tahýa bejerip oturan gyzyň üstüne gaçypdyr. Gyzyl alma söýgüniň alamatyny aňladypdyr. Öz söýgüňi aňlatmakda alma bilen atyp urmak däbi şol günden bäri dowam edipdir. Oglanyň bu hereketleri hem sarwanyň gyzyna ýarapdyr. Gyz oglanyň teklibini kabul edipdir. Bular ýedi gije-gündizläp toý beripdirler. Toýda altyn gabak atdyrylyp, göreş tutulypdyr. Aja nan, ýalaňaja don berlipdir.
Halkymyz öz milli aýratynlyklaryna mahsus nepis gymmatlyklaryň ençemesini döredipdir. Şol nepis önümleriň arasynda mukaddes düýe ýüň saçaklaryň tutan orny pes bolmandyr. Türkmenistan Diýarymyzda mata dokmaçylygy özüniň gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Dokmaçylygyň halkymyzyň gadymy senetleriniň biri bolandygyna dürli taryhy maglumatlar, uzak ýyllaryň dowamynda alnyp barlan gazuw-agtaryş işleri netijesinde tapylan tapyndylar şaýatlyk edýär. Alymlaryň çaklamalaryna görä, ilkinji matalar ýüňden dokalypdyr. Mähriban diýarymyz maldarçylygyň hem ösen merkezidir. Şeýle bolansoň bu mukaddes toprakda hünärine ussat dokmaçylar tarapyndan ýüň önümlerinden naýbaşy nusgalyk bolup dünýä ýaýran gymmatlyklar döredilipdir.