Çaga lybaslarynyň bezegi


Çaga lybaslarynyň bezegi



Türkmen gelin-gyzlary çaga eşiklerini çaga mahsus häsiýetde bezemegi başarypdyrlar. Hatda çaga kirligini hem el nagyşlary bilen bejeripdirler. Kirlik hem elde dokalan matalaryň böleklerinden gurnalyp tikilýär. Ol köplenç, sekiz burçly bolýar. Onuň esasyny düzýän mata burçlaýyn eplenen dörtburç mata bolup, onuň her tarapyna bir gulak tikilýär. Egniniň üstünden boýunýaka oýulyp, iki egniniň üstünden çäk goýulýar. Kirlik işliklenip, ýakasyna jähek, gyralaryna seçek tutulýar. Kirligiň ýüzi ýa-da gyralary el keşde bilen bezelýär. Onuň gulaklary aýratyn nagyşlanyp, merkezine «Daragt» nagşy salynýar. Kirligiň ýüzüne «Toýnuk», «Guş gözi», «Sekiz keşde», «Ömür daragty», «Gülýaýdy» ýaly nagyşlar salynýar. Onuň daşky bölegine goçak nagşy salynýar. Kirlik çaganyň boýnundan geýdirilýär. Ol bir tarapdan çaga naharlananda üst-başyny hapalamazlyk üçin ulanylýar, ikinji bir tarapdan enäniň çaga bolan söýgüsini, mährini aňladýar.