DOSTLUGYŇ HEM SUNGATYŇ BAÝRAMY


DOSTLUGYŇ HEM SUNGATYŇ BAÝRAMY



«Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalynyň we maslahatynyň ýapylyş dabarasy



Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyz özüniň medeni ösüşleri bilen barha ümzügi öňe. Ol ösüşler türkmeniň köpöwüşginli sungaty bilen aýrylmaz baglanyşykly. Häzirki döwürde ýurdumyzda milli aýdym-saz sungatynyň folklor aýdymlaryny, halk aýdym we sazlaryny, dessançylyk sungatyny öwrenmek, ösdürmek we bu ugurdaky miras baýlyklaryny gorap saklamak babatda bimöçber işler durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletimizde milli gymmatlyklarymyzy aýawly saklamak, ählitaraplaýyn öwrenmek, olaryň ähmiýetini dünýä jemgyýetçiligine giňden wagyz etmek möhüm wezipeleriň biridir. Bu ugurda Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda türkmen halkynyň döreden taryhy we medeni ähmiýetli mirasynyň naýbaşy nusgalarynyň dünýä medeniýetinde tutýan ornuny ebedileşdirmekde Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça edarasy, ýagny ÝUNESKO bilen alnyp barylýan bilelikdäki işler özüniň guwandyryjy netijesini berýär. Häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýän medeni-ruhy gymmatlyklarymyzyň birnäçesi ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyny bezeýär. Şol sanawa girizilen gymmatlyklaryň arasynda dessançylyk sungatynyň ajaýyp nusgasy «Görogly dessançylyk sungatynyň” (2015 ý.), türkmeniň milli ruhuny özünde jemleýän «Küştdepdi aýdym we tans dessurynyň» (2017 ý.), «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň» (2021 ý.) bolmagy milli buýsanjyňy artdyrýar. Bularyň hemmesi türkmeniň milli aýdym-saz we tans sungatynyň dünýä derejesinde umumadamzat ähmiýetli gymmatlykdygyny ykrar edýän subutnamalardyr.

Milli gymmatlyklara aýratyn sarpa goýulýan mähriban Diýarymyzda türkmen we dünýä döwletleriniň aýdym-saz sungatyny öwrenmekde we bu ugurda özara tejribe alyşmakda geçirilýän halkara derejesindäki medeni çäreler hoşniýetli medeni gatnaşyklaryň täze üstünliklere eýe bolýandygyny äşgär edýär. Ýurdumyzda geçirilen «Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwaly we maslahaty hem türkmen we dünýä halklarynyň aýdym-saz mirasyny öwrenmekde täze sahypany açdy. Dünýäniň ençeme döwletlerinden aýdym we saz sungatynyň muşdaklaryny, bagşy-sazandalary, sungat ussatlaryny we sungaty öwreniji alymlary bir ýere jemlän bu halkara festiwaly hakyky manysynda sungaty dabaralandyrýan baýrama öwrüldi.

Düýn, 30-njy noýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalynyň we maslahatynyň ýapylyş dabarasy boldy. Ýapylyş dabarasynda halkara festiwalyna gatnaşyjylaryň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edildi. Festiwala gatnaşyp üstünlikli çykyş edenlere diplomlar we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Ýapylyş dabarasynda ýaňlanan aýdym-sazlar türkmeniň ynsanperwer kalbynyň owazy bolup, bu bereketli gadymy toprakda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mizemezligini dünýä ýaýdy.

Şirin aýdym-sazlar ynsanperwerligi, parahatçylygy, dost-doganlygy ündeýändigi bilen her bir ynsana egsilmejek ruhy güýç berýär. Sazyň belent wezipesi hem şondan ybarat. Türkmeniň aýdym-sazy asudalygyň, parahatlygyň, abadanlygyň owazy bolup älem aýlanýar. Müňýyllyklaryň taryhy wakalaryny süňňüne siňdiren aýdym-sazlarymyz halkymyzyň baky hemrasy. Goý, türkmeniň aýdymy-sazy äleme ýaň salsyn, goý, Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda türkmeniň bagty dünýä nur çaýsyn.

Ogultäç HOJANAZAROWA.