Keçe ýüňüniň saýylyşy


Keçe ýüňüniň saýylyşy



Ýüňleri saýmak üçin ilki bilen gyrkylan ýüňleri arassalamaly, olary ýeke-ýeke düýtmeli, soňra näçe mukdarda gerek bolsa saýlap alyp saýmaly. Ýüňleri saýmak üçin ýapygrak ýer gerek, ýagny jaýyň içinde ýa-da kümäniň bir çüňkünde ýörite ýer taýynlanýar. Ýüň saýyljak ýere köneräk düşek atylýar, üstünden takyr galyň mata ýazylýar. Saýyljak ýüň bölek-bölek edilip, her bölegini deň edip, bir bölegi saýyljak ýerde goýup, ýylgyndan edilen saýgyç bilen saýgylanyp başlanýar. Ýylgyndan taýýarlanylan saýgyçlar hem çalarak oda tutulyp timarlansa, ýüň oňa ýelmeşip durmaz ýaly gowy bolýar. Ýüňleri näçe köp saýdygyňça, şonça-da gowy ýazylýar. Eger ýüňde çöp-çalam ýa-da bürmek ýaly hapalar bar bolsa, saýgylanan halaty şolar ýüňüň aşagyna dökülýär. Her gezek çybyklanyp, saýylyp, arka doldyrylyp bolnandan soň, saýylýan ýeri arassalamaly. Ýüň saýylanda arkalyk ýüňleri saýyp-saýyp inedördül görnüşde taýýar edip goýmaly. Eliň bilen üstünden basyp-basyp çykylanda, ýüňler biri-birine ýelmeşýär. Şondan soň emaý bilen dört eplenilýär. Gyragaralyk ýüň saýylyp, uzyndan insiz görnüşde ýaňky ýaly edilip eplenilýär. Ýöne gyragaralyk ýüň uzynlygyna iki eplenilýär.
Keçe güllenilip taýýar edilenden soň ony çekmek üçin erkek kişi gerek. Keçe çekilip bolansoň ony basmak işi hem köp we yhlasly zähmeti talap edýär. Keçe basylanda keçäniň el degmän galan ýeri bolmaly däl. Eger keçäniň bir ýerine el az degen bolsa, şol ýeri girmän beýleki ýerlerinden telkerip, salparyp aýratyn bildirip durýar. Bu bolsa keçäniň tekizden owadan bolmagyna zyýan ýetirýär. Şeýle bolmaz ýaly keçe basylanda hemme ýeri endigan, birsydyrgyn basylmaly. Keçäniň gyrasynda oturýan onuň göni çykmagyna aýratyn üns bermeli. Keçe basylanda el köp bolsa iş basym bitýär hem-de hakyky bolmalysy ýaly keçe gowy edilip taýýarlanylýar. Ümä üýşülende biri ýüňi arassalaýar, biri ýüňi daraýar, biri sümegi süýýär, biri çyzgysyny çyzýar. Keçäniň çyzgysyny çyzmak hem aňsat däl, Oňa-da ezberlik gerek. Keçe güllenende hem ünsli bolmaly. Nagyşlar dogry we ýerine düşmeli.
Keçe etmek işine sähetli gün başlanýar. Goňşy-golamlar, garyndaşlar ümä, ýagny keçe etmäge kömekleşmäge çagyrylýar. Keçe basylanda çagyrlanlaryň arasynda biri gelmese, keçe basjak öýüň eýesi ýokuş görýär.
Türkmeniň ähli zady bir-biri bilen baglanyşykly. Onuň ýaşaýyş durmuşyndaky zatlar bir-birinden reňk alýar. Bir-biri bilen sazlaşykly dowam edýär. Keçä salynýan nagyşlaryň biri hem «Jamy» nagşydyr. Keçä «jamy» nagşynyň salynmagynyň hem öz manysy bar. Ol öýüň mukaddesliginiň, rysgal-döwletiniň nyşany. Bu nagyş salnanda, süýlip taýýarlanan gara ýüňden atanak-atanak edilip, tärim görnüşde çekilýär. Şol tärim görnüşli öýjüklere dürli reňkdäki darak diş ýüňler dykylyp güllenilýär. Bu nagyş türkmeniň hatar gurap oturan ak öýlerini, türkmeniň maşgala binýadynyň berkligini, agzybirligini, ogul öýerende «Goňşyň gutly bolsun» diýlişi ýaly, her ogluň öý tutunyp, hatar gurap oturşyny, öýleriň köpelip, küren-küren oba, il bolmak baradaky arzuwlaryny şöhlelendirýär.

«Zynjyr» nagşy – bu nagyş sepleşip gidip otyr. Ol üzülmesiz dowam edýär. Ol türkmeniň durmuşynyň dowamat-dowamy ýaly bolup dur. «Zynjyr» nagşyny salmak üçin daralyp, sümek edilen ýüňi inçejik görnüşde süýem barmagyň ýogynlygynda süýüp, ýumak etmeli. Süýülen gara ýüňden edilen ýüp başam barmak bilen aýlanylyp, «Zynjyr» nagşy çekilýar. «Zynjyr» esasy gülüň daşyna aýlanylyp bolnanyndan soň, emele gelen tegelejik gözjagazlaryň içi dürli reňklerdäki darakdiş ýüňler bilen doldurylýar. «Zynjyr» nagşy köplenç, iki hatar, orta nagyşdan soň, ikinjisi gyragaranyň öňünden salynýar. Ol nagyşlaryň daşyna gala ýaly aýlanýar. Jähek çekilen ýaly şekil emele gelýär. Bu nagyş ýurduň daşynyň galasy, berkligi, iliň asuda durmuşynyň hemişe berk goragdadygy baradaky ýagşy niýet bilen salynýar. Keçe nagyşlarynyň arasynda «Alaja nagşy» hem uly manyny aňladýar. Alaja gözden-dilden goramak üçin salynýar. Ol ikinji bir tarapdan adamzat durmuşynyň aýlanyp duran gije-gündizini hem aňladýar. Keçe nagşynda hem her welaýatyň özboluşly aýratynlygy bar. Her welaýatyň, her etrabyň öz ýaşaýan ýeri bilen baglanyşykly salýan nagyşlary bolýar. Keçä salynýan nagyşlaryň ýene biri-de «Gülýaýdydyr». «Gülýaýdy» nagşyny her bir türkmen zenany salyp başarmaly. Kim bu nagşy salyp bilmese ol emelsiz, iş başarmaýan zenan hasaplanypdyr. Bu barada halk arasynda:
«Gülýaýdy gelmez elinden,
Älem çürkär, dilinden» – diýlen aýtgy bar.
Keçe güllenip bolnandan soň, emaý bilen arkalyk ýapylýar. Ondan soň ýüňlenen keçäniň üstüne suw sepeläp çykmaly. Ýüňlenen keçe gamyş bilen togalanyp başlanýar. Togalananda 3 zenan, uly keçe bolsa 4 zenan gerek. Sebabi keçäniň hemme ýeri deň togalanmaly. Şonda keçe dogry çykýar. Eger deň togalanmasa, onda keçe gyşyk çykýar. Togalanyp bolnandan soň, gamyş bag bilen daşy saralyp daňylýar. Ondan soň togalanyp daşy daňylan keçäni çekmek üçin ýörüte ulanylýan ýüpi her gapdalyndan iki bag bolar ýaly edip berkidilýär. Ilki başda içi keçeli gamşyň üstünden gyzgyn suw guýulýar. Keçe çekmek üçin 4 sany erkek kişi gerek. Gamşyň her gapdalynda iki kişi durýar. Erkek adamlar keçäni gezekli gezegine iki baka togalaýarlar. Keçe çekilende, deňagramlylygyny saklamak zerur. Bir sagat çemesi çekilenden soň, gamyş jygyldap başlaýar. Bu bolsa ýüňüň keçe görnüşine geçendigini alamatlandyrýar. Gamyş çekilýärkä, häli-şindi üstüne gyzgyn suw sepeläp durmaly. Suw sepilende, keçäniň hemme ýerine deň düşer ýaly etmeli. Eger keçäniň bir ýerine suw az sepilse, onda keçäniň şol bölegindäki ýüňler doly keçe görnüşine geçip bilmeýär. Keçäniň keçe bolmagynda suwuň hyzmaty uly. Ýyly suw ýüňüň keçe bolup, basym girmegi üçin peýdaly.
Keçe yhlas bilen çekilende gamyş çekilip, ol gitdigiçe gowşap, halparyp, togalanmasy kynlaşyp başlaýar. Bu bolsa keçäniň çekiminiň ýetendigini aňladýar. Soňra gamşyň iki gyrasyndan göterip, güneş ýerde açýarlar. Gamyş açylanda keçäniň ýüňüniň gamşyň içine girenleri çykar ýaly, gamşyň arkasyna kakylýar. Keçäni açan tarapyňdan dolap, düýrläp başlamaly, sebäbi içki tarapy giregen bolýar. Soňra keçäni gamşyň üstünde keseligine goýup, iki gapdalyndan artan gamşy düýürlenilýär. Keçäniň her gyrasyna tekiz tagta goýmaly. Tagta berk durar ýaly agramly daşlary goýmaly. Keçe gamşynyň iki tarapynda berk edilip tagtanyň goýulmagy keçäniň gyrasynyň deň hem owadan bolmagy üçin peýdaly. Keçe basylanda, keçäniň uzynlygyna, inine görä adam gerek bolýar. Sebäbi keçe basylanda el degmän galan ýeri bolsa, şol ýeri telkerip durýar, ýagny şol ýer işlenilmän galýar. Keçe basylanda ortada kim otursada bolýar, ýöne iki gyrasyny alýan gelinleriň bilekleri deň bolmaly, deň işlemeli. Keçe basylanda onuň öňünde adam oturdylmaýar, sebäbi olaryň ümzügi ileri. Keçäniň öňünden adam geçse, ýada otursa, onda olary ýoluny baglaýar hasap edilip, yrym edilýär. Keçe basylanda ýaş çagalardan biri bilmän oturaýsa hem «Tur oglum, garry mamaň dert tapynaýmasyn» diýip, ony turuzypdyrlar. Keçe basylyp bolnandan soň, keçe eplenip, ini-boýy deňeşdirilip görülýär. Bir ýeri halpygrak, gowşagrak bolup, artygrak uzap duran bolsa, şol ýeri aýratynlykda togalanyp, eliň bilen yza öňe togalap girizilýär. Eger bir ýeri gatyrak giren bolsa, gyrasyndan bir eliň bilen tutup, beýleki eliň bilen ýazylýar, ýagny kakylýar.
Türkmende her bir täze zatda çile bolýar diýen düşünje bar. Täze keçe hem çileli bolýar, şonuň üçin ol ýyldyz görmeli däl. Garaňky düşensoň keçe daşardan ýygnalyp, öýe salynýar. Gülli keçeler her bir türkmeniň öýüniň bezegidir. Türkmenlerden biri «Nähili taplar, diýip sorasa», «Gül ýaly diýip, jogap berýändir». Gülli keçeler hem türkmeniň gül ýaly durmuşynyň keçe dilindäki beýanydyr.