“ŞYGRYÝET ÄLEMINIŇ ÖÇMEJEK NURY” atly ylmy maslahat geçirildi


“ŞYGRYÝET ÄLEMINIŇ ÖÇMEJEK NURY”
atly ylmy maslahat geçirildi



Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda ýurdumyzyň beýleki ulgamlary bilen deň hatarda medeniýet, ylym-bilim ulgamy ösüşlere beslenýär. Ata Watanymyzda bu ugurda geçirilýän döwlet çäreleriniň gözli şaýady bolýarys.
Hut şu ýylyň 9-10-njy iýunynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariatynyň 2022-nji ýylda ýerine ýetirmeli işleriniň meýilnamasyna laýyklykda, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk dabarasyna bagyşlanyp, “Şygryýet äleminiň öçmejek nury” atly bilelikdäki ylmy maslahat geçirildi. Ylmy maslahat ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariaty, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty, Balkan welaýat häkimligi tarapyndan guraldy.
Maslahatda pähim-paýhasyň şahyry, dana Magtymguly Pyragynyň ömrüne, döredijiligine bagyşlanan temalar boýunça çykyş edildi. Ylmy çykyşlaryň dowamynda şahyryň nusgawy döredijiliginiň umumadamzat gymmatlygy hökmündäki ähmiýeti, şygryýet älemindäki beýik orny, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekdäki, wagyz-nesihat bermekdäki ägirt hyzmaty, edebi mirasynyň dünýä medeniýetiniň ösmegine goşan goşandy, onuň golýazmalarynyň dürli dillere terjime edilip, dünýä ýüzüne ýaýradylmagy baradaky gyzykly hem tapylgysyz maglumatlar maslahata gatnaşyjylarda täsir galdyrdy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen şahyry beýik Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny çuňňur öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag bolsun, ylym-bilimi, medeniýetimizi, sungatymyzy, edebi mirasymyzy ösdürmekde alyp barýan işleri rowaç alsyn.