BAŞ SALMAK
Türkmen durmuşy asylly, terbiýeçilik ähmiýetli, ruhuňy göteriji däplere baýdyr. Şolaryň biri hem täze gelne baş salmak däbidir. Toý tutulan gününiň ertesi goňşy-golamlar, dogan-garyndaşlar ýygnanyşyp, gelne baş salýarlar. Muňa, esasan, gelin-gyzlar, orta ýaşlaryndaky zenanlar gatnaşýar. Ýaşuly zenanlar we ýaşajyk gyzlar oňa tomaşa edýär.
Edebi mirasymyza ser salanymyzda, geçmiş taryhymyzda edil pälwan ýigitlerimiziň bolşy ýaly, pälwan zenanlarymyzyň-da bolandygyna göz ýetirmek bolýar. Gadym döwürlerde gelin-gyzlarymyzyň göreş sungatyndan ussatlyk bilen baş çykarandygyny gelne baş salmak däbi hem subut edýär. Türkmen zenanlary näzikligine, gözelligine laýyk örän çeýe, batyr, dogumly, edenli bolupdyr. Zenanlaryň bu merdana häsiýetleri toý däp-dessurynda öz beýanyny tapypdyr. Gelne baş salmak däbinde iki topar güýç synanyşýar, bu göreş şadyýanlykda, degişme äheňinde geçirilýär. Gelne baş salnanda iki topar bolup göreşilýär. Bir toparda esasan, gyzlar göreşýär. Olar täze gelni bermejek bolýar, ikinji topar, zenanlar topary, olar gelni öz hatarlaryna goşmak üçin göreşýär. Täze gelniň daşyny gallap duran gyzlar topary zenanlara täze gelni aldyrmaly däl. Ikinji topar bolsa gelni hökman alaýmaly. Şeýlelikde, gyzlar topary gelni goraýar, gelinler topary bolsa her edip, hesip edip, gelni almagyň aladasy bilen gyzlaryň üstüne topulýar. Bu göreş ahyry gelniň alynmagy bilen tamamlanýar. Üç gezek gelne ýetmegi başaran zenana bu «göreşiň» ýeňijisi hökmünde baýrak berilýär. Ondan soň gelne baş salynýar. Gelniň şaýly tahýasyny «abraý bilen durmuşa çykmak saňa-da nesip etsin» diýen ýagşy arzuw-niýet bilen baldyzynyň başyna geýdirýärler. Ondan soň gelinlik dünýäsine salmagyň aňlatmasy hökmünde täze gelniň iki örüm saçyny arka atmagyň däpleri ýerine ýetirilýär. Eltisi gelniň saçyny emaý bilen arkasyna geçirmekçi bolýar. Ýöne gelin saçlaryny eline dolap, berk saklap oturýar. Töwerekdäkiler gelniň gaýyn enesine «Gelniňiz-ä saçyny berenok, hany näme sowgat berýäňiz» diýenlerinden soň, gaýyn ene saça dakylýan jugur, saçýüzi, saçujy, saçlyk ýaly şaý-sepleriň haýsy hem bolsa birini getirip, «Şaý-sepler bilen saçyňy bezäp gezmek nesip etsin» diýen ýaly alkyş-dileglerini aýdyp, sowgadyny berýär. Häzirki döwürde gaýyn ene gelnine köýneklik, gyňaç ýaly zatlary sowgat berýär. Gelin saçyny berýär, ony yzyna atýarlar, Öňki döwürlerde gaýyn ene gelnine hökman saçlyk bermeli eken. Bu gaýyn-gelniň arasynda dowam edip gelýän gadymy däplerimiziň biridir. Käbir ýerlerde bu däp häzirki günlere çenli saklanyp gelýär. Eneler, köplenç, «gelnime bererin» diýen ýagşy niýet bilen gyzyl çaýylan kümüş şaý-sepleri öňünden ýygnap goýupdyr. Gelinler bolsa «gaýnymyň beren sowgady» diýip, gymmatbaha şaý-sepleri hemişe aýawly saklapdyr. Ondan soňra täze gelniň başyna gyňaç daňýarlar. Şol gyňajy abraýyndan, rysgal-döwletinden ýokup, sylagly-sarpaly maşgala bolsun diýip, ýaşuly zenanlaryň birine ýa-da gelniň eltisine daňdyrylýar. Başyna gyňaç daňylmagy täze gelniň gelen öýüne ömürlik baglanýanlygynyň aňlatmasydyr. Şonuň üçin hem ýaşuly zenan gelniň başyna gyňaç oraýarka, alkyşly sözlerini, ýagşy dileglerini aýdyp, gelne gaýyn enesine eýerip, onuň maşgala ýörelgelerine wepaly bolmagyny sargyt edýär. Däbe görä, gelne döwletinden, abraýyndan ýoksun, şonuň ýaly ogully-gyzly, agtykly-çowlukly bolsun diýen ýagşy yryma eýerilip, käte goňşy-golamlaryň ýa-da obada sylanylýan ýaşuly zenanyň biriniň gyňajyny daňypdyrlar. Häzirki wagtda «iňňeden çykma» täze gyňaç daňylýar, ýaşmak ýaşyndyrylýar.