Dialog-parahatçylygyň kepili


Dialog-parahatçylygyň kepili



Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen “Dialog-parahatçylygyň kepili” diýlip atlandyrylan häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň täze pelsepesini döretmek baradaky başlangyjynyň ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyndaky ähmiýetini çuňlaşdyrmak maksady bilen onlaýn maslahaty geçirildi.
Maslahata Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Maslahatda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygy G.Magtymgulyýewa “Halk döredijiliginiň däpleriniň we maddy däl medeni mirasyň halkyň hem-de döwletiň medeni özygtyýarlylygyny goramakdaky ähmiýeti” atly tema boýunça çykyş etdi.