Keçe basmak


Keçe basmak



Halkymyzyň döreden milli gymmatlyklarynyň arasynda türkmen keçelerine uly orun degişlidir. Türkmen keçesi türkmen senetçilik sungatynyň kämil nusgalarynyň biridir. Ýüňden düzülen eserler hasap edilýän halydyr keçelerimiz halkymyzyň gözüniň guwanjy we milli baýlygydyr. Keçe sungaty türkmeniň sungat daragtynyň beýleki şahalary ýaly gadymy hem müdimi, dowamly sungatdyr. Keçe taýýarlamak köp zähmeti talap edýän inçe senetdir. Ulanmak üçin peýdaly bolan türkmen keçesi gözelligiň nusgasy bolup, asyrlar aýlansa-da, öz gymmatyny ýitirmän gelýär.
«Ýaz ýüňi keçä bolmaz güýz ýüňi dolaga» diýilşi ýaly, ýaz ýüňi girmezek bolansoň, ýaz ýüňünden keçe edilmeýär. Ýaz ýüňi keçe güllenende peýdalanylýar. Şeýle hem ýaz ýüňüni güýz ýüňi bilen garyp, ýörite ýylgyndan arassalanyp taýýarlanan çybyklar bilen saýylýar. Saýylan ýüň arka tutdurylýar. Arkalyk -2 gatdan goýulýar. Birinji gatyna saýgylanan galyndy ýüňler goýulýar. Görünjek arka ýüzüne gowy saýgylanan arassa ak ýa-da gögümtil ýüň goýulýar. Keçäniň gyrasyna gara ýüňden taýýarlanan gyragara goýulýar. Goýun ýüňleriniň arasyna guzy ýüňi düşen bolsa ony saýlap aýyrmaly. Guzy ýüňi gyragara goýulmaýar. Keçäniň güli üçin hem saýlanyp alnan güllük ýüňler ýuwlup arassalanýar. Soňra ýüň darakda gowy daralyp, sümek edilýär. Keçe güli üçin saýlanan ýüňler ilki sümek edilip, soňra boýalýar. Şeýle edilse, boýalan sümekden darakdiş az çykýar. Ýöne darakdiş hem keçe güllenilende ulanylýar, eger ýüňi daraman, sümek etmän boýasaň darakdiş köp çykýar. Keçäniň agramly bölegi güýz ýüňünden edilýär, ýagny keçäniň gülüniň üstünden goýulýan arkalyklar, şonuň ýaly-da gyragara-da güýz ýüňünden edilýär.