Dünýä halklaryny dostlaşdyrýan medeni köpri


Dünýä halklaryny dostlaşdyrýan medeni köpri



Hormatly Prezidentimiziň bimöçber goldaw-hemaýatlary netijesinde dünýä döwletleriniň arasynda parahatçylyga we ynanyşmaga esaslanýan halkara hyzmatdaşlygynda özara medeni gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Türkmenistanda halkara derejesinde festiwallar, sergiler, maslahatlar, konsertler dünýäde ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmakda, halklar arasynda jebisligi, dost-doganlygy kemala getirmekde halkara medeni çärelere uly ähmiýet berilýär. Munuň özi nesillerde watansöýüjilik, halallyk, ruhubelentlik ýaly ýagşy gylyk-häsiýetleri kemala getirmekde, şöhratly ata-babalarymyzdan şu günlere gelip ýeten milli mirasymyzyň aýratynlyklaryna göz ýetirmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Şeýle hem şöhratly ata-babalarymyzyň nesilden-nesle geçirip gelýän ussaçylygyň, zergärçiligiň, meşhur halylarymyzyň, külalçylyk sungatynyň, senetçiligiň hem-de amaly-haşam sungatymyzyň halkymyzyň şanly taryhynda, şöhratly şu günki ajaýyp zamanasynda tutýan ornunyň uludygyny, häzirki döwürde milli mirasymyzy, medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmek, medeni gymmatlyklarymyzy dünýä jemgyýetçiligine ýaýmak ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar, bu ugurda ähli şertler döredilýär.

Şu ýylyň 12-nji oktýabrynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde dünýä döwletleriniň arasynda «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalynyň açylyş dabarasy boldy. Bu şatlykly waka “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda berkarar döwletimiziň dünýä ýüzündäki at-abraýyny has-da belende göterer, mähriban Watanymyzyň medeni gymmatlyklarynyň dünýä ýüzünde giňden sarpalanýandygynyň aýdyň subutnamasy bolar. Halkara festiwalynyň açylmagy mynasybetli Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki “Türkmeniň ak öýi” binasynda senetçilik we amaly-haşam sungaty eserleriniň sergisi guraldy.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösdürilmegi, ýurdumyzyň täze rowaçlyklara beslenmegi, halklaryň arasynda agzybirligiň, dost-doganlygyň pugtalanmagy, milli senetçiligimiziň, amaly-haşam sungatymyzyň dünýä ýüzünde uly hormat-sarpa eýe bolmagy ugrunda alnyp barylýan giň gerimli işler hemişe rowaç alsyn.