Rysgal-döwletliligiň nyşany


Rysgal-döwletliligiň nyşany



Türkmen halky jaý gurunmanka, ilki bilen maşgalanyň berk binýady bolan mukaddes tamdyry gurupdyr. Tamdyr gurmagyň hem arkama-arka dowam edip gelýän ýagşy ýol-ýörelgeleri bar. «Toýly, rysgally, bereketli tamdyr bolsun!» diýen ýagşy niýet bilen sähetli gün saýlanyp, tamdyr gurmaga başlanypdyr. Tamdyr gurmak işi hem häzirki günlerde döwrebap derejede kämilleşýär. Öňler tamdyr gurmak üçin arassa ýer saýlanylyp, onuň durjak ýerine ýumşajyk gum düşäpdirler. Bu günki günde tamdyryň düýbüniň yzgar almazlygy üçin edil ýaşaýyş jaýlarynyň düýbüniň tutulyşy ýaly beton guýlup ýa-da bişen kerpiç bilen örülip çykylýar. Taýýar tamdyr oturdylyp, onuň üç ýerinden mäkäm sim burgy bilen çekdirilýär. Tamdyry soňra suwap çykýanlar hem bar.
Tamdyra ot ýakmakda hem özüne mahsus bolan çenini bilen ýagşy. Tamdyryň içine saman ýa-da gamyş salyp haýal ot ýakylýar. Tamdyr gurlup durka birden güýçli ot ýakmaly däl. Bir gün öňünden toprak bilen ýylaşan samanyň üstüne suw guýlup, mazaly garylýar. Demine goýlan palçyk bilen tamdyryň ýokarsyndan suwalyp başlanýar. Sebäbi, ýanyp duran ot ilki bilen tamdyryň agzyny, ýokarky bölegini gyzdyrýar. Şeýle usulda tamdyryň daşyny 3-4 gezek laý bilen suwamaly. Ýöne her gezek öňki suwan palçygyň guranyndan soňra suwap başlamagy unutmaly däl. Tamdyryň ahyrky suwagynyň «saman körpesi» bilen suwalmagy gerek. Tamdyryň ikinji gezekki suwagyny çaga ýumrugynyň ululygyndaky owradylan toýun kesekleri dürtüp, ondan soňra üçünji gezek laý bilen suwasaň hem bolýar. Tamdyr gurmak işi bir güne çekýär. Iş boldum edilenden soň, onuň körüginiň ýokarsy goçak nagşy bilen bezelýär.
Ertesi ir bilen täze tamdyryň içine ýag çalyp, onuň içi agarýança ot ýakylýar. Çörek arkasy berk bolsun diýlip, tamdyryň iç ýüzüne şerebeli suw sepilýär. Tamdyra çörek ýapmak üçin uly ussatlyk, çeýelik gerek. Ilçilikde «Oduňy aýama, çöregiňi söýeme» diýlen aýtgy hem bar. Dowam edip gelýän yryma görä, tamdyryň piri Pirpugtany çagyryp, ýagşy niýetler bilen çörek ýapmaga girişilýär. Çörek bişirilip durka, çörekleriň ýüzüne ilki päklik suwy, ikinji gezek aklyk suwy, üçünji gezek gyzyl suwy, ýagny gül suwy sepilýär. Bir säw bilen gyzgyn tamdyra bir bölejik çörek ýapyşsa, oňa «Nur gören çörek» diýip, guş- gumrularyň haky üçin ot-çöpleriň üstüne goýlupdyr. Çörek bişirilip bolnandan soň, okarada galan suw ilki oda sepilip, soňra kybla tarapa, aýak basylmajak ýere sepilýär. «Çöregiň kökesiz bolmasyn» diýlen pähime eýerilip, täze tamdyra ilki kökejik ýapylýar we ony tamdyr suwuna batyryp, çagajyklara iýdirilýär. Tamdyrdan çykan çörekleriň birinji dälde, ikinjisi döwlüp, tamdyryň golaýyndan geçip barýan adamlara hem hödür-kerem edilýär. Tamdyrpaý dessuryna görä, täze tamdyrda ýapylan petir çörekler goňşy-golamlara paýlanýar.
Ene-mamalarymyzyň metjit-mähraby hasaplan tamdyrlarynda öz mähir-muhabbetini, çäksiz yhlasyny siňdirip ýapan çörekleriniň tagamyny dünýäniň hiç bir süýjüligine çalşyp bolmaz.

Aýbibi HAÝTJANOWA