ENE GÖRELDESI - NESIL ÝÖRELGESI


ENE GÖRELDESI - NESIL ÝÖRELGESI



Milletimiziň käbesi Ogulabat eje özüniň bütin ömrüni il-ýurduna, mukaddes ojagyna, nesil terbiýesine bagyş eden mähriban Ene. Onuň watansöýüjili, ynsanperwerligi, belent adamkärçiligi, maşgala mukaddesligine wepadarlygy, el işlerine ussatlygy biziň her birimiz üçin nusgalyk mekdep.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Enä tagzym -mukaddeslige tagzym» atly kitabynda: «Käbämiň gyzlary bilen oturyp, keşde gaýaýandygy, jorap örýändigi hem edil surat eseri ýaly» diýlip, Ogulabat ejäniň el işlerine ussatlygyna mynasyp baha berilýär. Bu mähriban ene türkmeniň inçe el işleriniň tanymal halypasy hökmünde hakydamyzda ýaşaýar. Ogulabat ejäniň çeperlik bilen bejeren kürtesi hem-de inçeden syk ören gülli joraby Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýindäki gymmatlyklarymyzyň hataryny artdyrdy. Ýaňy-ýakynda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy, Hormatly Prezidentimiziň mähriban ejesi Ogulgerek Berdimuhamedowa Ogulabat ejäniň mährini siňdirip ören alajasyny we alaja örmekde ulanan iş guralyny Döwlet muzeýine tabşyrdy.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ilkinji zenanlar guramasynyň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň ilkinji zenanlar guramasynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Kärdeşler arkalaşyklary guramasynyň bilelikde guramagynda geçirilen «Ene göreldesi - nesil ýörelgesi» atly maslahat hem Ogulabat ejäniň nusgalyk el işlerine bagyşlanyldy. Maslahatda çykyş edenler milli gymmatlyklarymyzyň döwrebap derejede ösdürilmeginde, halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän ýörelgeleriniň dowam etdirilmeginde, türkmeniň inçe el senedini geljekki nesillere geçirmekde Ogulabat ejäniň göreldelik ömür ýoly barada gyzykly gürrüňleri berdiler.

«Alaja» aladyryn,
Nagyşa läledirin.
Nagyşlaryň içinde,
Nurana şugladyryn –

diýilişi ýaly Ogulabat ejäniň ören alajasy muzeý gymmatlyklaryna nurana şugla çaýdy.

Ogultäç Hojanazarowa