Sallançak


Sallançak



Çagaly öýde sallançagyň bolmagy türkmen üçin mukaddeslik hasaplanylypdyr. Şonuň üçinem bäbek dünýä inenden köp wagt geçmänkä öýde sallançak gurlupdyr. Gadym döwürlerde ak öýüň her dulundan bir agaç dikip, sallançak edipdirler. Munuň üçin ýörite alajalanyp işilen ýüpi iki gatlap agaçlara berkidipirler. Soňra ýörite dokalan kilimi şol ýüplere orap, iki tarapyndan sallançak agajyny germäpdirler. Onuň içine galyňja düşekçe ýazyp, ýassyk goýupdyrlar. Bäbegiň düýşürgemezligi üçin onuň başujuna bir döwüm çörek goýlupdyr. Häzirki döwrüň ussalary sallançak ýasanda onda çaganyň rahat ýatmagy üçin ähli şertleri döredýärler. Çünki, rahatlyk bilen yranyp duran sallançakda çaga uzak mahallap uklaýar.
Halkymyz birine ýagşy arzuwlar edende hem «Duluň sallançakly bolsun» diýýär. Bu tötänden däldir. Adamzat, ynsan öz miwesi bilen ýaşaýşy dowam etdirýär.