Gyjak


Gyjak



Milli saz guralymyz meşhur bagşy Sary bagşynyň we onuň ogly Pürli Saryýewiň we ýene birnäçe halypa sazandalaryň aýtmaklaryna görä, türkmenlerde 3 kirişli gyjak, takmynan, ХVIII asyryň ikinji ýarymynda ýüze çykypdyr. Ilki başda ony arap, hindi ýurtlaryndan getirilen kokos hozundan, suwkädiden ýasapdyrlar. Soňra tut agajynyň içini köwüp ýasandyklary barada halypa bagşy-sazandalar rowaýatlar aýdýarlar. Netijede, gyjagyň sesi öňküsinden birneme güýçlenýär, tembri owadanlanýar. Gyjagyň kädisiniň ýüzüne keýik ýa-da balyk hamyny çekipdirler. Ol üç kirişli bolup, kwarta boýunça düzülip, diapazony (ses göwrümi) 1-nji oktawanyň «re» notasyndan 2-nji oktawanyň «fa» notasyna çenlidir. Gyjak hem dutar ýaly, birnäçe görnüşde kämilleşdirildi. Häzir gyjagyň iki görnüşi bar. Onuň konstruksiýasy gadymdan gelýän nusgasynda bolup, oňa sim kiriş dakylyp kämilleşdirildi. Bu nusgasy bilen diňe halk bagşylaryna sazandalyk edilýär ýa-da halk nusgasynda döredilen saz ansambllaryna garyşdyrylyp çalynýar.
Soňky döwürlerde özbaşdak milli mukamlaram çalynýar. Ikinji konstruksiýasy 1933-nji ýyllardan başlap türkmen milli eksperimental orkestrlerine goşulyp çalnyp başlandy. Soňky rekonstruksiýalaşdyrylan gyjaga azerbaýjan, özbek, ermeni kemençeleriniň nusgasynda dört kiriş dakyldy. Rekonstruktirlenen gyjagyň ilki nusgalary kwinta, ýagny bäşinji ses bilen sazlaşdyrylyp, birinji oktawanyň «do», «sol», ikinji oktawanyň «do», «sol» seslerine goşulyp başlanyldy. Şeýle hem bolsa bu sesler dünýä möçberi boýunça düzülýän seslere gyjagyň simi çydamsyz bolany sebäpli soňky döwürlerde skripkanyň düzgünine laýyk «sol», «re», «lýa», «mi» seslerine sazlaşdyryldy. Şeýle sazlaşdyrylmak skirpka üçin döredilen saz edebiýatlaryny umumy düzgünde çalmaga mümkinçilik döredýär.
Şonuň bilen birlikde fortepiano goşup, ýekelikde çalmaga hem uly mümkinçilik döreýär. Häzirki wagt gyjagyň ýogynly-inçeli nusgalary köpelip, prima, alt, bas, wiolonçel, kontrobas ýaly görnüşleri döredi. Gyjagyň bu görnüşleri häzirki zaman saz edebiýatyny çeper ýerine ýetirmek üçin gerek bolan mümkinçilikleri döredýär.