HALYPALARYŇ MEKDEBI HALKYŇ RUHY MIRASYDYR


HALYPALARYŇ MEKDEBI HALKYŇ RUHY MIRASYDYR



Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda baý mirasymyzyň naýbaşy nusgalarynyň biri bolan milli aýdym we saz sungatyny ösdürmekde gazanylýan üstünlikler diýseň guwandyryjydyr. Häzirki döwürde ynsana egsilmejek ruhy lezzet paýlaýan milli bagşyçylyk sungatynyň gazananlaryny dünýä ýaýmak, geljekki nesillere ýetirmek, ýaş nesillerde özboluşly, kalba ýakymly owazy bilen meşhurlyk gazanan türkmen halk aýdymdyr sazlarynyň aýratynlyklaryna söýgi döretmek babatynda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren “Ile döwlet geler bolsa...” atly kitaby türkmen aýdym-saz sungatynyň taryhyndan gyzykly we anyk maglumatlary özünde jemleýär. Bu ajaýyp kitapda beýan edilýän, özboluşly ýerine ýetirijilik we döredijilik ýollary bilen tapawutlanýan halypa bagşy-sazandalarymyzyň baý mirasyny çuňňur öwrenmek, milli aýdymdyr sazlarymyzy geljekki nesillere çeperçiligi bilen ýetirmek, halypa-şägirtlik däbini döwrebap ýollar bilen dowam etdirmek, ýaş nesillerde ata-babalarymyzyň miras goýan milli gymmatlyklaryna söýgi döretmek, Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar durmuşymyzy belentden wasp edýän milli aýdym-saz sungatymyzy dünýä ýaýmak maksady bilen, 14-nji aprelde Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Medeniýet merkezinde halk arasynda uly Garly we kiçi Garly ady bilen tanalýan Garly Ilamanowyň hem-de Garly Soltanowyň ömri-döredijiligine bagyşlanan “Halypalaryň mekdebi halkyň ruhy mirasydyr” atly aýdym-sazly dabara geçirildi.

Dabarada bu ussat halypalaryň milli aýdym-saz sungatyndaky özboluşly ýoly, olaryň bu ugurda bitiren hyzmatlary dogrusynda täsirli çykyşlar boldy. Çykyş edenler ýurdumyzyň halypa bagşy-sazandalaryna goýulýan hormat-sylag, olaryň ömri-döredijiligini öwrenmekde döredilen mümkinçilikler barada guwanç bilen gürrüň berdiler. Aýdym-saz sungatynyň taryhynda öçmejek yz goýan bagşy-sazandalarymyzyň sarpasyny belende galdyran Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.

Bagşy-sazandalar tarapyndan ýerine ýetirilen milli aýdymdyr sazlar bolsa dabara aýratyn şowhun çaýdy.