Gopuz


Gopuz



Gopuz – munuň özi gelin-gyzlaryň gadymdan gelýän saz guralydyr. Gopuz beýleki gündogar halklarynda-da gabat gelýär.
Tatarlarda we başgyrtlarda ol «kubyz», gyrgyzlarda «demir kubyz», ýewropalylarda bolsa «wargan» ýa-da «zubanka» diýlip atlandyrylýar. Gopuz inçe demir ýa-da polat zolajygyndan ýasalýar we inçe, ýukajyk, maýyşgak «diljagaz» - sarsgynly plastinkajyga berkidilýär. Gopuzyň sesi owadan, ýakymly, tembri hem ýumşakdyr. Ony iki alyn dişleriň arasynda gysyp, diljagazy hem süýem barmagyň bilen özüňe tarap çirtip çalynýar.
Gopuzda saz çalnanda sesiň belentligi agzyň açylyş giňligine baglydyr, dodaklaryňy açygrak saklasaň, ses has dury we ýiti çykýar, ýumubyrak saklasaň, ses goýalýar, peselen ýaly bolýar.
Täsir ediji çeperçilik serişdeler demiňi güýçlendirmek ýa-da haýallatmak arkaly berilýär. Gopuzçylaryň repertuary örän çäkli, jemi bäş heňden köp däl. Şolardan «Giýew hakyndaky söbet» has giňden ýaýran heňdir. Şonda gaýtarylan gelniň yzyndan ogrynça gelen giýew hakyndaky mazmun owaz üsti bilen berilýär. Heňleriň ýene birinde gelin ugratmak hakynda söhbet edilse, üçünjisinde gyzlar lirikasy (lälesi, aýdymy) beýan edilýär.
Aýratyn hem gadym wagtlarda maldarçylyk bilen meşgul bolup, göçüp-gonup ýören türkmenleriň gelin-gyzlarynyň arasynda giňden ýaýran «Çopan we möjek» hakyndaky heň örän gyzyklydyr.
Gopuzçylar köplenç aý aýdyň gijelerde üýşýärler. Emma olaryň toýlarda çykyş edýän, ýaryş guraýan wagtlary-da seýrek bolmaýar. Şonuň üçin-de gopuz şu güne çenli türkmen durmuşynda ýaşap gelýär.