Türkmenistanyň halypa halk bagşysy Çary Täçmämmedowyň (1923-1976) 100 ýyllygy mynasybetli


Türkmenistanyň halypa halk bagşysy Çary Täçmämmedowyň (1923-1976) 100 ýyllygy mynasybetli



Türkmeniň saz sungat äleminde öçmejek yz goýan meşhur sazanda belli halypa aýdym saz söýerleriň kalbynda ýaşaýan Çary Täçmämmedow ýaşap ýören bolsa bu ýyl 100 ýaşaýardy.

Aýdym-saza teşnelik onuň kakasyndan gaýdan.Täçmämmet aga öz ogullarynyň iliň-günüň hyzmatyna ýarajagyny bilip, ogullary Hojamämmetdir, Çaryny belli bagşy Mylly Täçmyradyň ýanyna şägirtlige berýär. Mylly agadan tälim alan Çary Täçmämmedow özüniň ilkinji halypasy kakasy bolandygyny soňra Mylly agadan tälim alandygyny ýatlapdyr, Bagşy Mylly agadan hem Pürli Sarydan saz sungatynyň inçe tilsimlerini öwrenendigini ýatlapdyr. Iki sany ägirtleriň elinde terbiýe alan halypanyň ussatlygyna şondan soň düşünip galýarsyň. Pürli Saryýew özüniň alyp barýan işini radionyň aýdym-saz toparyna ýolbaşçylyk etmekligi Çary Täçmämmedowa ynanypdyr. Ol özüne berlen wezipesinde önjeýli işlemäge çalyşýar. Aýdym-sazyň milli däplerini täzeçillik bilen baglanyşdyrmakda uly işler bitirýär.

Aýdym-saz sungatynda abraýy belentden tutulýan Çary Täçmämmedowyň «Hajygolak», «Maral geldi», «Baga gireli», «Tapmadym» ýaly çylşyrymly sazlary ýaşlara görüm-görelde bolup, nusgalyk mekdebi bolup dowam edip gelýär. Onuň döwürdeş kärdeşleri Ata Ablyýew, Garýagdy Alyýew, Ýagmyr Nurgeldiýew, Tugur Berdinyýazow ýaly işdeş kärdeşleri bilen ençeme ýyllap egin-egne berip işleýärler. Özüniň saz äleminiň inçe syrlaryny dowam etdirmekde-de, ussatlyk gazanandyr. Ýolaman Nurymow, Akmyrat Çaryýew, Ata Täçmämmedow ýaly zehinleriň kämillik ýolunda öz goşandyny goşandyr. Beýik halypalardan goruny susyp alan halk bagşysynyň beýikligine goşant goşan Mylly Täçmyradyň, Pürli Sarynyň nusgalyk ýoly ebedi dowam edip gelendir. Ussadymyzyň serinden älemge gelen sazlary «Dostluk », «Söýgi mukamy»,«Awçy mukamy»,«Sowgat», «Şahyrym» ýaly eserleri bu günki günde özüniň şirin mukamy bilen göwünlere teselli berip, söýgi mukamy bolup ýaňlanyp gelýär. Türkmenistanyň halk bagşysynyň ady, çalan ajaýyp mukamlary nesillerden- nesillere aşyp döwürlere dowam bolup galar.

Maglumat Akmuhammet Aşyryň «Kyrklar» kitaby esasynda taýýarlanyldy.