Kak, Pomidor kişdesi


Kak



Kak esasan, gyş üçin taýýarlanylýar. Kak taýýarlamak üçin ilki süýjäp, gowy bişen gawunlardan almaly. Olaryň paçagyny we çigidini aýryp, dilip-dilip, arassa gamşyň üstüne sermeli. Soňra ýüp germeli. Ýumşan gawunlary şol ýüpden asmaly. Dilinen gawunlar saralýar. Olary towlap-towlap örmeli. Soňra zamçanyň içini köwmeli, ony guratmaly, içine ýaňky kaklary salyp, agzyny tikmeli. Ony birine sowgat berseň hem bolýar, gyşa hem gowy durýar.

Pomidor kişdesi



Gyş gamyny ýaz iýýän ene-mamalarymyz dürli miwelerden, bakja ekinlerinden kişdeleriň dürli görnüşlerini taýýarlapdyrlar. Şolaryň biri hem pomidor kişdesidir. Pomidor kişdesini taýýarlamak üçin iň süýji we gowy bişen pomidorlary saýlamaly. Ýuwup guratmaly. Olary dilişdirip, gamşyň ýa-da gapagyň üstünde sermeli, kölege ýerde üstüne hasa ýapyp guratmaly. Pomidorlar gurap kakaýar. Kakanyndan soň arassa matadan haltajyk tikip, şoňa salyp, agzyny hem daňyp, sowuk ýerde goýmaly. Sowuk ýerde saklanylsa, kişde zaýalanman durýar. Nahara atjak wagtyň kişdäni gowy ýuwyp, atybermeli. Pomidor kişdesi tebigy bolşy ýaly tagamyny saklaýar. Pomidor kişdesi atylan nahar has tagamly bolýar.