Millilige buýsanç


Millilige buýsanç



Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Mähriban Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary netijesinde, medeni mirasymyzy aýawly saklamaga, milliligi dowam etdirmäge, ony dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredildi.

Millilik – bu her bir halkyň gadymdan gelýän taýsyz, ýitgisiz, bahasyna ýetip bolmajak özboluşly ajaýyp mirasydyr. Türkmen halky öz milliligini üýtgewsiz ýitirmän gelen, milliligi aňyna-ganyna siňdirip bilen ýeke-täk halk diýsek, hakykatdan daş düşmeris diýip, takyk aýdyp bileris. Sebäbi milletimiz asyrlary aşsa-da, dürli döwürleriň täsiri bilen ýaşasa-da öz milliligini ýitirmändir, ýoyulmagyna ýol bermändir. Halkymyzyň milliligi köpdürli öwüşgini bilen biziň şu günlerimizde halkyň ýüzüniň tuwagy bolup, özboluşly beýanyny tapýar.

Türkmen halky öz däp-dessuryna, milliligine sarpa goýýan halkdyr. Ylaýta-da biziň gyz-gelinlerimiziň, umuman zenanlarymyzyň gündelik durmuşyna ornaşan lybaslary, gadymyýetden biziň häzirki döwrümize çenli dowam eden millilige bolan hormatdyr diýip bellesek ýerlikli bolar. Dünýä ýüzüni haýrana goýýan, göreniňde aňyňda asyllylygyň, gözelligiň waspyny oýarýan türkmen zenanynyň owadan lybaslary, asyrlardan biziň häzirki döwrümize gelip ýetip, ajaýyp durmuşymyzda zenan dünýäsiniň buýsançly egin-eşigi hökmünde döwrebap dowam edýär.

Dogrudanam, türkmen zenanlary gadymy mirasymyzdan nusga alyp, dünýäde hiç bir halkyňka meňzemeýän milli lybaslarynyň asyl nusgalaryny, geçmişde dürli döwürlerde ýaşasalar hem öz tapawutlylygy bilen, ýakalarynda orun beren nepis keşdeleri bilen birlikde, biziň şu günlerimize çenli nesilden-nesle geçirip gelmegi başarypdyrlar.

Her bir türkmen ojagynda enelerimizi, gyz-gelinlerimizi zenan keşbine nur çaýýan türkmen lybaslarynda görenimizde, onda-da millilige ornaşan lybaslara syn edenimizde buýsanjymyz has-da artýar. Çünki, türkmen milli zenan lybaslary ýer ýüzünde asyllylygyň, sadalygyň we gözelligiň nusgasy bolup ýaşaýar hem dowam edýär.

Türkmen halky bu günki gün zenanlarymyzyň millilige, öz milli lybaslaryna çäksiz söýgi döremegine, ony mynasyp we döwrebap dowam etdirmäge giň ýol açan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza öz alkyşlaryny aýdýarlar.

Türkmen medeniýetiniň we sungatynyň Hak howandary Milli Liderimiz Mähriban Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag bolsun! Dünýä ähmiýetli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işlerinde rowaçlyklar ýar bolsun!

Allaberdi BEGMYRADOW.