Üç müň ismiň hatyrna


Üç müň ismiň hatyrna

Gündogaryň beýik akyldary we meşhur nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy parahatçylygyň we dostlugyň, abadançylygyň hem-de durnukly ösüşiň aýdyň ýoluny açyp görkezýän köpsanly ylymlaryň esaslary barada gymmatly maglumatlary özünde jemleýär. Tanymal alym şahyryň 555 sany eserlerinde dünýä medeniýetiniň ylmy, ruhy, döredijilik we taryhy ykballary bilen bagry badaşan akyldarlarynyň, halypalaryň 300-e golaýynyň atlary duş gelip, olaryň aglabasy sanlaryň umumylygynda beýan edilýär.

Kalplaryň ylham nurunyň binagäri, görnükli dana şahyryň 200-e golaý eserlerinde jemgyýetiň we döwletiň baş baýlyklarynyň biri bolan dürli ylymlaryň jemgyýetçilik tebigatyna we durmuş ornuna degişli edebi, taryhy gymmatlyklaryň uly gory duş gelýär. Olarda duş gelýän ussatlaryň atlaryny bir gezek, birnäçe gezek we yzygiderli gaýtalanýan toparlara, geçmişiň şöhratly ylmy mekdepleriň aýratynlyklaryny 40-dan gowrak ugurlara bölmek bolýar.

Magtymgulynyň döredijiliginde ylmy baýlyklaryň adalgalary göçme manyda üç ugurda dünýewi, mistiki, bilimiň ählumumy gurşawyna degişli esaslarda 100-den gowrak sözlerde aňladylyp, olaryň mazmun çygry yşk, wagt, pakyrlyk bitewiliginde mukaddesleşdirilýär. Ylym bilen bagry badaşan, erenleriň jem bolup merhemet nazaryny salan akyldaryň «Destur bolar ýol öwrenmek ustatdan», «Tälim beren ustadyňdan aýrylma», «Bolan, bolmuş hünäleri boldim tut», «Ylym-tälim algan seni unutmaz», «Pikir gazanynda gaýnadyk, bişdik», «Aryflar ýanynda dünýä feýinden, Awaralyk eýläp bilmek ýaraşmaz», «Alymlar ýanynda söhbet ýagşydyr», «Akyllyň sözüne köňül söýüner», «Gije mähnet tartyp kitap görmedi», «Yhlas bilen bir kämile gol bergen, Ýeter bir menzile, ýetmeýen galmaz», «Kitap okan gullar magnydan dokdur», «Her kim güýçli bolsa oňa pir diýerler», «Ançalar, gör, kitap okap», «Bir köňül çün ýüz hünäre ýüz ursaň», «Ýüz ýigrimi dört müň dürdänäniň sen-sen başy göwheri», «Magryfetiň derýasyna ulaşdyk, Aryflar sürerler, ýüz gämi gördüm», «Alymlara kylma ýuwuz töhmetden», «Üç müň ismiň hatyrna», «Kyrk aşyk bar, kyrk abdal», «Her magnydan bilseň özüň», «Amalsyz alymlar bagdyr semersiz», «Magtymguly, tälim algyl ussatdan», «Keşf edip ylmy-leduny, ähli yrfan eýlegil», « Okyr bolsa ylmy-ledun açygly», «Ylmy-kal, ylmy-hal baryn jem etsem», «Okyp, okyp dürri-magnylar saçsam», «Kämil tapsaň, kyl gullugun serişde», «Alymlar sözün diňle, nesihatyn al göter», «Aryf bolan düzüp ötdi nakyllar», «Kutbul-aktam atly betnamy gördüm», «Magtymguly, okap kitabyn açsa», «Şerigat ýoluna daýym göz etsem», «Hakykat ýolundan habarly ärler», «Kämil tapsaň goý ýoluňda başyňny», «Her eşýadan ýar sypatyn ders aldym», «Magtymguly, hemme ýola baş urduň», ýaly hyjuwdan doly joşgunly setirleri köptaraply ylmy üstünlikleriň gözbaşlary we ylmy medeniýetiň gymmaty bilen berk baglanyşyklydyr. Şahyr özüniň tylla setirlerinde «Görogly» eposyny, «Şanama», «Kuran», «Kyssasyl-Enbiýa», «Zebur», « Injil», «Töwrat» ýaly kitaplary okandygyny we dünýä edebiýatynyň 40-a golaý halklarynyň döredijilik miraslaryndan parçalar, meşhur aşyk-magşuklar, tasawwuf taglymatlary hakyndaky kyssalar bilen içgin tanyşandygyny öwran-öwran gaýtalaýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň «Ösüşiň täze belentliklerine tarap», «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösişiniň döwlet kadalaşdyrylyşy», «Abadançylygyň röwşen gadamlary», «Ösişiň täze belentliklerine tarap», «Bilim–bagtyýarlyk, ruhubelentlik, rowaçlyk», «Paýhas çeşmesi» atly kitaplarynda orun alan ylmyň gymmatly pikirleri bilen ussatlyk keremi hakdan berlen Magtymguly Pyragynyň edebi çeper çözgütleriniň ýadygärlikleriniň özara sazlaşygy kalbyňy ganatlandyrýar. Ülkämizde her ýylyň 10-njy noýabry Parahatçylyk we ösüş üçin Halkara ylymlar güni, 12-nji iýuny Ylymlaryň milli güni hökmünde giňden bellenilip geçilýär. Ýaşy üç ýüz ýyly arka atyp barýan Magtymgulynyň ylmy taglymatlarynyň çeper döredijilikdäki şahyrana seslenmeleri ähli döwürler üçin gymmatlydyr.



Dädebaý PÄLWANOW