Bedewiň ýagşysy ýaryşa bolar


Bedewiň ýagşysy ýaryşa bolar

Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy milli tebigy baýlyklarymyzyň naýbaşylarynyň biri bolan türkmen bedewleriniň gymmaty we ähmiýeti, olary ösdürip ýetişdirmegiň sebitleýin we halkara aýratynlyklary, at münmegiň dürli görnüşleri, tohumçylyk ugurlary, gözellik derejeleri, seýisçilik sungaty, at bezegleri we çapyşyklary, arassa ganly tohum atlaryň genofondy, tälimçilik sapaklary baradaky ykrar edilen we söýülýän edebi, taryhy we jemgyýetçilik mukaddesliklerine, durmuş hakykatlaryna baýlygy bilen aýratyn tapawutlanýar.

Şahyryň döredijiliginde orun alan eserlerde duş gelýän haýwanat dünýäsiniň wekilleriniň arasynda bedew atlaryň çeper waspy ilkinji orunda durýar. Setirleri ynsan kalplaryna häkimlik edýän ussadyň şahyrana şygyrlarynyň 100-e golaýynda bedewleriň çeper waspy üç görnüşde duş gelýär. Olaryň ilkinji tapgyryny atlary rowaýata öwrülen, Gündogar edebiýatynda hem-de folklor mirasynda orun alan meşhur we şöhratly atlaryň mertebesine salgylanylýan, olaryň waspy ýetirilýän goşgular bezeýär. Bu tapgyrda şahyr Düldül, Byrag, Rüstem Zalyň aty we arap bedewleri baradaky edebi keşpleri tylla sözleriň hereket örüsinde, duýgulanyş geriminde, häsiýet çygrynda, pikir belentliginde çeper dabaralandyrmak maksady bilen özüniň ýigrimi bäşden gowrak eserlerinde özüne çekiji usullarda uly orun beripdir. Bu ugurda şahyryň «Byragyň», «Pelegidir», «Ýar çeker», «Mir olur», «Depe nedir, düz nedir», «Ýar gerekdir», «Zaleti ýigidiň», «Köýmän ýigide», «Gökje kepderi», «Bilbil nalasy», «Haky üçin» ýaly eserlerinde çuňňur many öwüşgünleri, ýiti akyl kesgirligi, giň gözýetimli synçylygy, çeper pikirleniş ukyplarynyň baýlyklary, taryhy hyzmatdaşlygyň çeper suratlandyryş ussatlygy özünde jemleýän edebi tejribeleriň iň kämil nusgalary duş gelýär.

Her setiri tizlik, terlik, täzeçilik başlangyçlaryna badalga berýän dananyň bedewler baradaky eserleriniň ikinji tapgyryny atlaryň tohumçylyk, urug, reňk, görk, häsiýetleri, düzümleri, aýratynlyklary, mistiki poeziýanyň hallary, ykballara hemdemlik ýakynlygy bilen baglanyşykly goşgular düzýär we olar akyldaryň 30-dan gowrak şygyrlarda çeper beýan edilýändigini görmek bolýar. Bu tapgyrda döwürleriň ezizleýän, umumyhalk söýgüsini gazanan aryf ýaby, ýylky, baýtal, ýorga ýaly syratly, sagadatly, eldekileşdirilýän, münülýän, çapylýan atlaryň atlandyrylyş görnüşleri, halk seçgiçiligi, at çapyşyklaryň dessury kadalary, atlaryň umumy maşgalasynyň halkasy, gylýalçylyk sözleriň sinonimdeşlik hatary bilen bagly gymmatlyklary özüniň «Gidip baradyr», «Görgen gözlerim», «Gider», «Ýagydyr-ýagy», «Soňudagy», «Gürgeniň», «Läle getirmiş», «Jan içinde», «Dag saýar», «Ýaraşmaz», «Bili bolmasa» diýen eserlerinde duýguly dünýäleriň taryply seslenmeleri, täsin, labyzly, şirin, akgynly, köpsanly çeperçilik deňeşdirmeleri bilen giňden açyp görkezipdir.

Dünýäniň çeperçilik medeniýetiniň, ylmy galkynyşlarynyň we taryhy üstünlikleriniň rowaçlanmagyna uly goşant goşan Magtymguly Pyragynyň kyrka golaý eserleri türkmen bedewlerine bagyşlanylmak bilen olar üçünji tapgyry - bedewleriň saýlantgy toparyny öz düzümini emele getirýär. Bu topary hasyl edýän şygyrlarda türkmen bedewleriniň syrdaşlygy, gözelligi, ýyndamlygy, wepalylygy, edermenligi, gaýratlylygy, çydamlylygy, mertligi, gahrymançylygy, uzak aralygy çapyp geçmäge ukyplylygy, hümmeti, hyrydarlyk jadysy, mukaddes sarpasy, hojalygyň döwletlilik ulagy we bereket binýadynyň sakasy baradaky milli häsiýetnamalaryň ajaýyp nusgalarynyň jemlenýändigini görmek bolýar. Bu düzüme degişli bolan altyn setirler şahyryň «Ýol alar», «Malyna degmez», «Ne peýda», «Görgen gözlerim», «Habar ber-şeýledir», «Tapmaz sen», «Başy gerkdir», «Bolar sen», «At ýanynda bellidir», «Otur-turuşyn görüň», «Gyş bolar», «Daş döker» atly goşgularynda çeper teswirlenýär. Pähimdaryň çuňňur many öwüşginlerini, mazmun şireliligini, stilistik goýazlygy özünde jemleýän «Bedewiň ýagşysy ýaryşa bolar», «At alsaň, gyr algyl, mekrudur akýal», «Bedew bar, pul berseň, bahasy ýetmez», «Taplanmadyk atlar tozanda galar», «Bedew atlar adam mysaly syzýan», «Bedew çapyşda bellidir», «At aýdar: aslym zordur, Özüm hyzmat içinde», «Bedew münip gezgil perizat bilen», «At salanda doňuz kimin topulyp, Alar ýerden at salyşy gerekdir», «Bedew diýgeç, bolmaz hemme bedew, Çyn bedewler meýdanynda bellidir», «Atda aýak bolsa, başga syn bolmaz», «Ýagşy bedew münen, hub mahbup guçan», «Bir bedewi saýlap alar bolsaňyz, Synasyn, sagrasyn, gerişin görüň!», «Bedew-de bedew bar, alarlar zere, Çyn bedew ýigide uzak ýaş bolar», «Bedewi tanymaz, har bakan-beslän, Aty meýdan tanyr, hümmeti myhman» diýen hyjuwly liriki setirleri, poeziýa dürdäneleri, olaryň taryhy tejribeler, janly durmuş keşbi we çeper hakykat bilen utgaşmagy, zehin akabasyndan dörän çeperçilik çözgütleri, ylhamly, joşgunly şahyrana sesleri ähli döwürler üçin guwandyryjydyr. Bedewleriň çeper, taryhy, folklor, jemgyýetçilik ugurlarynyň waspnamalary boýunça Magtymguly Pyragy tarapyndan esaslandyrylan edebi mekdebiň däpleri Seýdi, Gaýyby, Allahy, Kätibi, Mätäji, Zelili, Talyby, Mollanepes, Kemine, Misgingylyç, Zynhary, Magrupy, Abdysetdar kazy ýaly görnükli söz sungatynyň wekilleriniň onlarçasynyň döredijiliginiň köptaraply kämilleşmegine, ösmegine uly badalga beripdir.

Dädebaý PÄLWANOW