Bäbek toýy


Bäbek toýy



Her bir türkmen maşgalasy çaga dünýä ineninden, maşgala täze bir kiçijik ynsanyň gelip goşulmagyny uly buýsanç-şatlyk bilen belläp, ony toý tutmak bilen garşy alýar. Muňa «Bäbek toýy», käbir welaýatlarda «Pişme toýy» diýilýär. Bu toýa her bir täze durmuş guran maşgala uly höwes bilen garaşýar. Gelin edinilende täze gelniň etegine ogul bäbegiň atylmagynyň hem «Täze gelniň aýagy ýer tutsun, örňesin-köpelsin» diýen manysy bar. Şeýle hem toý gatlamasy bişirilende «Täze maşgala hem ile goşulyp, gat-gat bolup köpelsin» diýip, yrym edilýär. Munuň özi türkmeniň «Köpelip köl bol!» diýen ajaýyp arzuwlarynyň, uly maşgala bolup agzybir ýaşamak baradaky ýagşy niýet-päliniň durmuşy beýanydyr.
Türkmen gelin edinip, ogul öýerensoň agtyk söýmegi arzuwlaýar. Hat-da akja bäbek arzuw edilip, gelin ýorganynyň dört burçuna aşyk tikilýär. Gelin sandygynyň düýbüne aşyk atylýar. Gelin atasy öýüne gaýtarylanda çabydynyň jübüsine aşyk salynýar. Kaka etrabynda bolsa gatlama bişirilende «Guş gatlamasy» diýip, kiçijik gatlama hem edilýär. Çörek bişirilende «Saçagymyz kökesiz, öýümiz çagasyz bolmasyn» diýip, kökejik hem bişirilýär. Bularyň ählisi täze gurlan maşgalada akja bäbegiň dünýä inip, sallançagyň içiniň doly bolmagynyň, üwrelip durmagynyň, çaga gülküsiniň ýaňlanyp durmagynyň, hüwdi sesiniň her bir öýde aýdylmagynyň, her bir maşgalanyň dowamynyň dowamat bolmagynyň arzuwydyr. Şol ak arzuwlar amala aşyp, akja bäbek dünýä inende ony maşgalanyň iň kiçijik we arzyly ynsany hökmünde toý tutmak bilen garşylaýarlar. Häzirki döwürde çaga dünýä inip, bäbekhanadan çykanda hem çaganyň getiriljek maşynyny bezäp, dogan-garyndaşlar bilen bilelikde alnyp gelinýär. Toý tutulýar. Milli tagamlar taýýarlanyp, oýunjakdyr-süýji seçilýär. Bäbek ýüze sylynyp, oňa naşyja sowgatlar edilýär. Çaganyň ýaşynyň uzak bolmagy üçin dileg edilýär.
Täze doglan çaga öýe getirilende, ony täzeje akja gundaga, alajadan edilen gundag bilen gundap, sallançagyna alaja dakyp, ýassyjagynyň aşagyna çörek goýup ýatyrýarlar. Bäbejigi maşgalanyň täze agzasy hökmünde «ýelden-suwdan, gözden-dilden» gorap saklaýarlar.