Dilli tüýdük
Dilli tüýdük adamzadyň taryhynda kakylyp çalynýan saz gurallaryndan soň iň irki gadymy saz gurallarynyň biridir. Türkmenleriň arasynda juda gadymy döwürlerden bäri belli bolup, ol diňe bir çopanlaryň çöl meýdanlarda göwün açary bolman, eýsem, türkmen toýlarynyňam bezegi bolupdyr.
Dilli tüýdük dag eteklerinde gaty ýerde gögerip çykan gamyşdan ýasalýar. Dilli tüýdügiň ýasalyşy hem göräýmäge aňsat ýaly hem bolsa, onuň özüne ýetik gizlin syrlary bar. Onuň arassa, ýakymly, näzik sesleri bermegi üçin saýlap alnan gamşyň ýerine düşmegi gerek, perdeleriň dogry ýerinden kesilmegi, diljagazynyň talaba laýyk timarlanmagy ýaly birnäçe wajyp işleri talap edýär. Dilli tüýdügiň uzynlygy 14-15 sm. Içi gyzgyn sim bilen arassalanýar, üstünde dört sany perde deşijegi bar.
Dilli tüýdük gargy tüýdügiň bir görnüşidir. Dilli tüýdük – bu kiçijik inçe gamyş turbajygydyr. Özüniň owazy boýunça ol rus swireline (tüýdügine) meňzeşdir. Onuň galamdan uly bolmadyk boýy, dört sany ses kertigi we ýokary başyndan ýuka dilnip ýasalan ýasyja diljagazy bar. Onuň diliň üstünde goýup, dodaklaryňy hem ýumup çalmaly. Dilli tüýdügiň tembri gaboýyň tembrine çalymdaş bolýar. Onuň diapazony bir oktawadan-da geçip gidýär. Dilli tüýdükde, edil gargy tüýdükde bolşy ýaly, türkmen halk heňleriniň köpüsini çalmak bolýar. Aýratyn hem onda aglaýan çaga sesini, enäniň çagany hüwdüleýşini, onuň çagasy bilen gepleşişini, çopanyň «Akbilek» diýen itini çagyrşyny degişme saz owaz hökmünde ýeňillik bilen ýerine ýetirýärler.
Dilli tüýdükde köplenç liriki, degişme, arzuw häsiýetdäki eserler ýerine ýetirilýär. Halk dilli tüýdükde çalmak üçin ýörite eserler döredipdir. Şolardan has köp ýaýranlary «Aýjemal», «Dilberim», «Sona gelin» ýaly liriki häsiýetli heňlerdir.
Şeýle-de dilli tüýdük üçin dördilen heňleriň bir topary ýanama aýdym edilip aýdylýar. Dilli tüýdük gadymy görnüşinden üýtgedilmedikdir. Häzirki döwürde ony köplenç çeper höwesjeňler toparlarynda ýaşlar we ýaşuly çopanlar çalyp, türkmen halk we häzirki zaman heňlerini şeýle hem doganlyk halklaryň heňlerine ýerine ýetirýärler.