Gözellik ondur, dokuzysy dondur


Gözellik ondur, dokuzysy dondur



Halk egin-eşikleri asyrlaryň dowamynda kemala gelipdir we kämilleşipdir. Şeýlelikde halkymyzyň milli aýratynlyklaryny özünde jemleýän milli lybaslarymyzyň dürli görnüşleri döräpdir. Olarda häzirki döwre çenli aýal, erkek, ýaş we ýaşuly nesliň adaty günler hem-de toý we ýas däplerine laýyklykda ýerine görä geýinmegiň kadalary saklanyp gelýär. Maddy medeniýetimiziň aýrylmaz bölegini düzýän milli lybaslarymyz halkyň baý taryhy tejribesini özünde jemleýär. Olaryň ýerliginde, biçilişinde, taýýarlanyş usullarynda, tikilişinde, bejerilişinde, bezelişinde halkymyzyň medeni däp-dessury we çeperçilik islegleri, tebigy ýaşaýyş şertleri giňden öz beýanyny tapýar. Milli lybaslarymyzyň naýbaşy görnüşleriniň biri-de üstki eşikleriň hataryna girýän donlardyr.
Don - türkmen gelin-gyzlarynyň köýneginiň üstünden geýýän daşky egin-eşiginiň bir görnüşi. Halkymyzyň arasynda türkmen milli donlary barada «Gözellik ondur, dokuzysy dondur» diýen aýtgy bar. Donlar geýimleriň üstki bezegini tamamlaýandygy üçin olara uly ähmiýet berlipdir. Donlar ýüpek we ýarym ýüpek matalardan - gyzyl we sary zolaklar geçýän çepbetöw matalardan, gyzyl we ak zolakly alatow matalardan (çabytlyk, gyrmyzy donluk matalar), mahmaldan, begresden edilip, onuň öňi tutuşlygyna açyk goýulýar. Donluk üçin esasan, keteni ulanylýar. Ol owadanlygy we uzak wagtlap täzeligini saklaýanlygy bilen ulanmaga amatlydyr. Donuň gyralary we ýeňi nagyşlar bilen bejerilýär. Donuň ýartmajyna, gyralaryna, ýeňine elde jähek çalynýar. Begresden we mahmaldan tikilen donlar gyş aýlary sowuk howaly günlerde geýilýär.

Begres donlar ýanly biçilip, atlaz ýa-da nah matadan işliklenipdir. Begresiň gyralaryna gyzyl ýüpekden jähek kakyp, onuň gyrasyna aldymgaç ýa-da üç sapakdan işilen ýüp tutupdyrlar. Iç ýüzüne çyzmykly donluk matalardan keseligine kesip, parawuz aýlanypdyr. Onuň goltugynyň iki gapdalyna gyzyl reňkli matadan sanjak edilýär. Donuň gyralary we ýartmaçlary basma ýa-da keşde bilen bejerilýär. Basmada bejerilende, üç sapak «Ok gözi», bäş sapak «Tegbent», ýedi sapak «Dişli egrem», onbir sapak «Üzülmez» ýaly nagyşlar salynýar. Nagşyň iki gapdalyndan gyzyl we sary ýüpek sapakdan «alaja» edilýär. Donuň gyralary keşde usulynda bejerilende oňa «Erik gül», «Tegbent» ýaly nagyşlar salynýar. Begresiň jübüsiniň aşagy we ýartmajynyň üsti jähekden goçak aýlanyp, onuň ýüzi, şeýle hem jübi bilen ýartmajy birleşdirýän jähegiň üsti pugtama bilen bezelýär.
Mahmal donlar hem gyş aýlary ýörgünli geýlipdir. Ol gök we ýaşyl reňkli mahmal matadan beýleki donlar ýaly tikilýär. Mahmaldan küleçe atly don tikipdirler. Küleçäniň beýleki donlardan tapawudy keşdä derek gyzyl begresden ýa-da gyrmyzy donluk matadan nagyş ýaly gyralaryny bezäpdirler. Küleçäniň boýuny we ýeňini gysgarak edip biçýärler. Küleçäniň ýerligi gök ýa-da ýaşyl bolsa, ýanynyň başyna gyzyl sanjakdan begeýik oturdyp, özüne kybapdaşrak reňkli, galňasrak matadan işlikläp tikýärler. Gyrmyzy dondan ýa-da serindiden çyzyklaryny gyýak düşürip, üç barmak inlilikde çabydyňky ýaly bütin gyrasyna iç ýüzünden parawuz aýlaýarlar. Soňra gyzyl ýüpekden jähek çalýarlar. Jähegiň başyna aldymgaç tutýarlar. Jähegiň düýbünden alaja basýarlar. Onuň bärsinden gara mata tutup, onuň ýokary tarapyndanam alaja basýarlar. Ondan soň gowy hilli gyrmyzy donluk matadan üç barmak inlilikde parawuz aýlaýarlar. Parawuzyň ýokarsyndan sähelçe çylgym ýer goýup, gyzyl matadan bir barmak inlilikde ýabşyryp çykýarlar. Soňra gyzyl begresden salynjak nagşa görä inlilikde kesip, nepislik bilen gyrkyp, kertip, özboluşly nagyş ýasaýarlar. Soňra ony häki gyzyl çylgymyň ýokarsynda goýup, her kertiginiň, öwrüminiň gyralaryny gyzyl ýüpek bilen gaýap, berkidip çykýarlar. Şeýlelikde, gözelligine taý gelmejek, geýeniňde saldamly görünýän don taýýar bolýar. Häzirki döwürde gelin-gyzlarymyz döwrebap, ýansyz tikilen donlary geýýärler. Türkmen milli donlary gelin-gyzlarymyzy, Güneş nurly enelerimizi has göze gelüwli görkezýär.