Gömme işlekli
Gömme işlekli türkmeniň milli tagamlarynyň biri. Bu tagamy esasan çopanlar taýýarlaýar. Işleklini bişirmek üçin ilki onuň ýerini taýýarlamaly. Bir ýerde arassa, ürgün çägäni eläp üýşürmeli. Onuň üstünde ojar odunyny ýakmaly. Ondan soň işlekliniň hamyryny taýýarlamaly. Hamyr el dynjyny alýança etini dogramaly. Etini el bilen maýda dogramaly, soňra dogralan sogany garmaly, duzuny we burçuny öz islegiň boýunça goşmaly. Hamyry zowalalara, birini azajyk ulurak, birini ondan kiçiräk edip bölmeli. Ulurak bölegini ilki ýaýmaly, soň kiçiräk bölegini ýaýmaly. Ondan soň uly bölegini alyp etini endigan edip ýazmaly. Üstüne kiçi bölegini ýapyp, gyralaryny gowy berkitmeli. Soňra daşarda çägäniň üstündäki közleri kesewi bilen bir gyra süýşürmeli. Çägesini hem bir tarapa süýşürip, işleklini şol ýerde goýmaly. Üstüni gyzan ürgün çäge bilen ýapmaly. Işlekliniň göbegini hem ýasamaly. Onuň üçin işlekliniň merkezinden deşik ýasamaly, şeýle hem hamyrdan içi deşik görnüşinde göbek ýasamaly. Ony işlekliniň ortarasyndaky deşige oturtmaly. Ondan bug çykyp durýar. Göbekden işlekliniň içine biraz gaýnag suw guýmaly. Çorbasy suwly we tagamly bolýar. Bir sagat töwerekden gömme işlekli bişýär. Bişensoň onuň üstündäki çägesini bir tarapa süýşürmeli. Üstündäki çägäni kakyşdyryp, süpürip aýyrmaly. Kesişdirip saçaga äberibermeli. Işlekliniň ýanyndan süzme çal we gök önümlerden äberseň işdäli iýilýär.