Gyz sepi


Gyz sepi



Türkmeniň toý däp-dessurlary — örän täsirli ajaýyplyklara baý. Olaryň asyl manysy ata-babalarymyzyň ruhy düşünjeleriniň örän ýokary bolandygyndan habar berýär. Durmuş tejribesi esasynda dörän bu gymmatlyklar ösdürilip, kämilleşdirilip, biziň günlerimize çenli ýetirilipdir. Halkymyzyň dünýä nusgalyk toý däp-dessurlarynyň içinde durmuşa çykjak gyzyň sepini we bukjasyny taýýarlamak uly orun tutýar. Bukja taýýarlamak amaly-haşam sungatynyň, sep taýýarlamak bolsa haly sungatynyň görnüşlerinde jemlenýär.
Sep taýýarlamak dessury dürli-dürlüligi bilen tapawutlanyp, onuň aňyrsynda giň, baý, örän uly terbiýe we zähmet mekdebi jemlenýär. Eneler göze görnüp ugran gyz maşgalanyň derrew sepini düzlemegiň aladasyny edipdirler. Kenar ýakasynda ýaşaýanlar bu dessura aýratyn üns beripdirler. Gyza beriljek sepi taýýarlamak bir günüň ýa-da iki günüň işi däl. Gyz maşgala 10-12 ýaşyna ýetende, oňa beriljek sep taýýarlanyp başlanýar. Çünki sep haly gelin bolup barlan öýde oňat gözden geçirilip, şol esasda hem gyzyň işeňňirligine baha berilýär. Şonuň üçin hem gyz maşgala ýaşlykdan haly dokamak hünärini öwredipdirler. Gyz sepini, esasan hem, iki jübüt çuwal, öýdüme palas, 2.3 x 4.3 metr ölçegli «Gabsa göl», «Dyrnakgöl» we beýleki nagyşlar salnan uly gara haly, 1.3 x 2.2 metr ölçegli haly, şeýle hem namazlyk, düýedyzlyk, ikselik düzüpdir. Şeýle bolansoň, gyz maşgala öz düýedyzlyk, ikselik ýaly kiçi haly önümlerini bir özi, sep salynjak çuwallary, kakma palasy, beýleki haly önümlerini ýeňňesi bilen, uly sep halysyny bolsa 4 zenan bolup, bile dokapdyrlar. Halyny dokanlaryň içinde joralary bar bolsa, «el bermek», ýagny halyny soň dokap bermek dessury ulanylypdyr. Dokalan haly önümleriniň düşegini goýy goňur reňkde boýapdyrlar. Ol hem halynyň birnäçe ýyllaryň dowamynda reňkiniň solman saklanmagyna getiripdir.
Gyz seplerini salmak üçin dokalýan haly önümi çuwallar bolup, olar çitme we kakma görnüşinde jübüt dokalypdyr. Bu önümlere «Kejebe»,«Kyrksargy» we beýleki nagyşlar salnypdyr.

Gyzlar düýedyzlyk haly önümini jübüt edip dokap, oňa köplenç «Zerbaf» we «Gapyrga» nagyşlaryny salypdyrlar hem-de düşegini düýe ýüňünden dokap, ony durmuşa çykanlarynda bukjanyň üstüne goýupdyrlar. Şol düýedyzlyklary bolsa oglan tarapa barlanda, bukjany kim ilkinji bolup açsa, şoňa hem sowgat beripdirler. Sep hökmünde dokalan ikselikleriň (ik salmak üçin haly önümi) dürli görnüşleri bar. Gyz durmuşa çykanda, kejebe bilen getirilip, gaýyn öýüniň bosagasyndan sag aýagy bilen ätläp, öýe girenden ýaşuly zenanlar gelniň eline ik we ikbaş berip, ýüň egirdýärler, onuň el işine ökdeligini barlaýarlar. Şondan soň gelin ýaşuly zenanlara öz dokan ikseligini sowgat berýär. Ol 1.3 x 2.2 metr ölçegde dokan halysyny gaýynagasyna, namazlyk halysyny bolsa gaýynatasyna sowgat berýär. Namazlyklaryň düşegi, köplenç, gyzyl reňkde edilip, oňa ak reňkli nagyşlar salnypdyr.
Türkmen öz gelin-gyzlaryny apalap, gözelligini, edim-gylymyny hormatlap, olara uly sarpa goýupdyr. Biziň döwrümiziň gelin-gyzlaryna mahsus häsiýetler barada hormatly Prezidentimiz şeýle diýýär: «Watansöýüjilik, maşgala ojagyna wepalylyk, pähim-paýhas, salyhatlylyk, çeper el hünäri biziň enelerimiziň hem-de gelin-gyzlarymyzyň adyny, mertebesini müňýyllyklaryň dowamynda ýokary derejelere göterip gelýän milli häsiýetlerdir. Häzirki döwürde türkmen gelin-gyzlarynyň bu asylly häsiýetleri ahlak gözelliginiň ajaýyp nusgasyna öwrülip, tug ýaly belentde pasyrdaýar».
Gadymyýetden gözbaş alýan ajaýyp toý däp-dessurlarymyzyň her biri özboluşly aýratynlyga eýe bolup, ýagşy niýet bilen döräp, kämilleşdirilip gelinýär. Olar halkymyzyň milli medeniýetini, mirasyny öwrenmäge mümkinçilik berýär.
Hawa, her bir halkyň milli mirasy, däp-dessury onuň milli hazynasy, buýsanjydyr. Biz — zenanlar halkymyzyň medeniýetini ösdürýän, edim-gylymyny, däp-dessurlaryny öwrenmäge ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza alkyş aýdýarys.

Maýagül ÇARYÝAROWA