Gopuz barada
Gamyş gopuz. Bu gopuzyň ýasalyşy sadaja bolup, ol gadymdan bäri nesilme-nesil dowam edip gelýär. Ony, esasan, gyzlar çalypdyrlar. Ol dürli oýunlarda saz guraly bolup hyzmat edipdir. Gamyş gopuzy ýasamak üçin barmak boýundan uzynrak gamşy dikligine ikä bölmeli we ony gowy arassalamaly, ýylmamaly. Soňra sübselikden bir sagdyn çybygy alyp, gamşyň kesilen tarapyna uzynlygyna goýup, bir ujuny gamyşdan iki barmak ýaly artyk alyp, beýleki tarapyndan çep eliň bilen pugta tutmaly. Onsoň gamyş gopuzy dodagyň arasyndan aňyrda dişiň bilen mylaýym saklap çalybermeli. Gamyş gopuzyň ýogyndan gelýän owazy ýürekleri joşdurýar. Oýlanyp görseň, bu täsin senediň polat gopuzyň gadymy nusgasydygyna göz ýetirýärsiň.
Polat gopuz. Ol ajaýyplygy bilen hemmeleriň, ylaýtada, gelin-gyzlaryň ünsüni özüne çekipdir. Gadymy «Gelinbarmak» gopuzy orta barmagyň uzynlygynda tutawajyň ýany kiçiräk güberçekli, owadan ýasalypdyr. Gopuzyň owazynyň belent, mylaýym ýaňlanmagy onuň ýasalan poladyna-da, çalýanyň ussatlygyna-da baglydyr. Gelin-gyzlar gopuzy gaýma gaýanlarynda, keşde çekenlerinde, dynç alýan pursatlarynda çalýarlar. Gopuzçy barmagy bilen gopuzyň diline kakanda, ol dillenýär. Ajaýyp ýaň gopuzçynyň agyz, burun, bokurdak, gaňşyrawuk boşlugynda aýlanyp, dürli owazlara öwrülýär. Çalnan saza görä gopuzçy ýeke kakuw, saýhally kakuw bilen gopuzyň diline kakýar. Şeýle hem gopuzçy şol wagt agyz boşlugynda dilini hereketlendirip, aýdym aýdýan görnüşde sözleri, setirleri, läleleri ýerine ýetirýär. Ussat gopuzçylar täsin sazlaryda ýaňlandyryp, çalyp bilýärler. Şol pursat gopuzyň şirin owazy mukamlara goşulyp, ýakymly ýaňlanyp, ruhuňy galkyndyrýar.
Toplan Gurbansoltan SEÝDULLAÝEWA