BMG-niň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) okuw maslahaty


BMG-niň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) okuw maslahaty



Türkmenistan döwletimizde aýal-gyzlaryň hormat-sarpasy belentde tutulýar. Her ýylyň bahar paslynyň ilkinji günlerinde, has dogrusy, 8-nji martda Halkara Zenanlar güni giňden baýram edilip ýokary derejede bellenilip geçilýär. Köp çagaly enelere hemaýat edilip, olar döwletimiz tarapyndan giň goldaw tapýarlar. Mundan başga-da ýurt Baştutanymyzyň tagallalary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe aýal-gyzlaryň asuda durmuşda ýaşamagy, bilim almagy, gender deňligi, hukuklary babatda olaryň bähbidine ýugrulan ynsanperwer işler yzygiderli alnyp barylýar.

BMG-niň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde, BMG-niň Aşgabat şäherindäki edara binasynda 2022-nji ýylyň 22-23-nji noýabrynda Aýallar babatda kemsitmäniň ähli görnüşlerini ýok etmek hakyndaky Konwensiýa boýunça okuw maslahaty geçirildi. Bu maslahata Türkmenistanda Adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynasanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara topanyň iş toparynyň agzalary gatnaşdylar. Her pudagyň agza hökmünde gatnaşan wekilleri öz ulgamyndaky Aýallar babatda kemsitmäniň ähli görnüşleri ýok etmek hakyndaky Konwensiýasy boýunça teklipleri hem-de bellikleri bilen çykyş etdiler. Bu okuw maslahatyna Medeniýet ulgamyndan wekil hökmünde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygy Gözel Magtymgulyýewa gatnaşdy. Ata Watanymyzda aýal-gyzlaryň bähbidine, hak-hukuklaryny goramaga gönükdirilen şeýle okuw maslahatynyň geçirilmegi uly ähmiýete eýedir.