«MAGTYMGULY, SÖZLÄR TILI TÜRKMENIŇ» atly festiwal
Türkmen halkynyň medeni-edebi ösüşi taryhy şahsyýetler bilen berk baglydyr. Halk durmuşynda, taryhynda olaryň ýerine ýetiren hyzmatlaryna mynasyp baha bermek halkyň tutuş ruhy dünýäsine hormat goýmakdyr. Türkmen halky edebiýata-sungata, taryhy şahsyýetlerine sarpa goýýan şahyrana halk. Şeýle şahsyýetleriň biri hem dana we akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragydyr.
Türkmen edebiýatynda esasy orun Magtymguly Pyraga degişlidir. Parasatly şahyr edebiýatymyzy mazmun taýdan baýlaşdyran, halkylygy-milliligi ösdüren, durmuş-ýaşaýyş bilen baglanyşdyran beýik söz ussadydyr. Şahyryň belent adamkärçilik baradaky garaýyşlary, çuň manyly öwüt-ündewleri özboluşly terbiýeçilik mekdebi bolup, ynsanlara ruhy hemaýat berip geldi.
Magtymguly Pyragynyň döredijiligine çäksiz hormat goýýan Gahryman Arkadagymyz: „Ajaýyp şygyrlar bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna bezän türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin iň belentde goýulýan mukaddeslikleriň biridir“ diýip nygtaýar. Magtymguly Pyragy öz halkyny berkarar döwletlilige, agzybirlige, jebislige, erkinlige çagyran şahyr. Şahyryň halk durmuşyndan söz açýan her bir bendi kalbyň töründe orun aldy. Akyldar şahyryň paýhas ummanyndan syzylyp çykan çuňňur mazmunly, dünýewi düşünjeli şygyrlary türkmen halkynyň guwanjy-mertebesi bolup dünýä ýaýrady.
Döredijilik däpleriniň ajaýyp nusgasyny ýadygär goýan Magtymguly Pyragynyň şygryýet bossany, milli aýdym we saz medeniýetimizi hem baýlaşdyrdy. Magtymgulynyň goşgularynyň many-mazmunyna, düzüliş aýratynlyklaryna kybapdaş aýdymlaryň, heňleriň, mukam sazlarynyň ençemesi döredildi. Şahyryň döreden çuň mazmunly şygyrlary türkmen bagşylary tarapyndan ussatlyk bilen ýerine ýetirilip, diňleýjileriň köňül küýsegine öwrülip toý-dabaralary bezäp gelýär. Türkmen bagşyçylyk sungatynyň taryhynda mynasyp orun eýeleýän Sahy Jepbarow akyldar Magtymgulynyň “Ykbal bolmady”, “Gözel sen”, “Gitmezmiş”, “Näler boldy”, “Bu gün” ýaly şygyrlaryny aýdyma öwrüp, ýazgyda miras goýdy. Şahyryň şygyrlaryna döredilen aýdymlar türkmen bagşyçylyk senediniň dürli ugurlarynyň ussatlarynyň ýerine ýetirijilik repertuaryny bezedi.
Türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alýan bagşyçylyk sungaty milli aýdym-saz sungatynyň özboluşly ugry bolup, bu sungat Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze many-mazmuna eýe boldy. Häzirki döwürde dünýä medeniýetinde özboluşly orun alan milli aýdym-saz sungatyny düýpli öwrenmek boýunça giň möçberli işler amala aşyrylýar.
Türkmen halk aýdymlary bilen bilelikde Magtymguly Pyragy ýaly belli nusgawy şahyrlaryň şygyrlaryna döredilen aýdymlary ýerine ýetirmek ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda meşhurdyr. Gadymy mirasly halkymyzyň ýokary ahlak we watansöýüjilik häsiýetleri jemlenen Magtymguly Pyragynyň şygyrlary türkmeniň şahyrana döredijiliginiň naýbaşy eserleridir. Bagşylar ol şygyrlary ussatlyk bilen ýerine ýetirýärler. Halypalardan şägirtlere geçip gelýän bu gadymy sungat häzirki döwürde hem öz ajaýyp ýoluny dowam edýär.
Türkmenistanyň dürli sebitlerinde ýaşaýan, özboluşly ýerine ýetirijilik we döredijilik ýollary bilen tapawutlanýan halypa bagşylaryň döredijiligini we olaryň öz şägirtleri bilen bolan halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny çuňňur öwrenmek, halypa-şägirtlik gatnaşyklarynyň dowam edip gelýän däplerini döwrebap derejede ösdürmek, bagşyçylyk sungatynyň ýerine ýetirijilik aýratynlygy boýunça täze zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, bu gadymy sungatyň welaýat aýratynlygyny öwrenmek, ýaş nesillerde bagşyçylyk sungatyna söýgi döretmek, bu milli sungaty ajaýyp şygyrlary bilen baýlaşdyran Magtymguly Pyragynyň döredijiligini giňden wagyz etmek, türkmen nusgawy şahyrlarynyň sözlerine döredilen aýdym-sazlary dünýä ýaýmak Maddy däl medeni miras müdirliginiň alyp barýan köpugurly işleriniň bir ülşüdir.
Türkmen halky özüniň beýik şahsyýetlerini aýratyn sarpalar. Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylda dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren, milli medeniýetimiziň ösüp kämilleşmegine bimöçber goşant goşan, Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly belleniler. Bu akyldar şahyryň döredijiligini çuňňur öwrenmek, wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirligi tarapyndan «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» ady bilen ähli welaýatlarda festiwal geçirmeklik meýilleşdirildi. 2023-nji ýylyň 4-nji maýynda festiwalyň Aşgabat şäheri boýunça ilkinj tapgyry geçirildi. Örän dabaraly geçen festiwalda Magtymguly Pyragynyň ynsanperwerligi, watansöýüjiligi ündeýän şygyrlary belentden belent ýaňlandy.
Gahryman Arkadagymyzyň: «Durmuşyň ähli ugurlarynda bolşy ýaly Diýarymyzyň medeniýetini we sungatyny ösüşiň täze derejelerine götermäge gönükdirilen uly işleriň amala aşyrylmagyna biz hemişe möhüm ähmiýet berýäris» diýen parasatly sözlerinden ugur alnyp, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda uly dabara bilen geçirilýän «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly festiwaly bagşylarymyzyň döredijiligini kämilleşdirmekde, milli sungatymyzyň bu özboluşly ugruny çuňňur öwrenmekde, halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny berkitmekde we umumadamzat şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligini giňden wagyz etmekde möhüm ähmiýete eýe bolar.