«Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwaly üstünlikli geçirildi


«Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwaly üstünlikli geçirildi





Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow:

-Türkmen halky beýik sungaty, nusgawy kadalary we gaýtalanmajak medeni mirasy bilen giňden tanalýar. Türkmen medeniýeti dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşdy. Biz medeniýet ulgamyny döwrebap ýagdaýa getirmek, milli mirasymyzyň gymmatlyklaryny düýpli öwrenmek, gorap saklamak we dünýä ýaýmak boýunça işleri dowam etdireris.

.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda medeniýet ulgamyny yzygiderli ösdürmek, täze belent derejelere çykarmak barada alnyp barylýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işler uly üstünliklere beslenýär. Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Serdarymyz milli medeniýetimizi ösdürmek bilen birlikde gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan medeni mirasymyzy gaýtadan dikeltmek, öwrenmek, gorap saklamak, aýawly ýagdaýda indiki nesillere ýetirmek, şonuň esasynda hem ruhy taýdan kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, umumadamzat ähmiýetli ol gymmatlyklary dünýä jemgyýetçiligine giňden wagyz etmek babatda tutumly işlere badalga berdi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini mynasyp derejede dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda milli mirasymyzyň naýbaşy nusgalarynyň umumadamzat ähmiýetiniň dünýä ýaýylýan, Berkarar döwletimiziň bagtyýar halkynyň at-abraýynyň belende göterilýän döwrüdir.

Türkmenistan Watanymyz dünýäde deňi-taýy bolmadyk meşhur halylaryň, zergärçilik, külalçylyk sungatynyň, senetçiligiň, ussaçylygyň, ösen hünärmentçiligiň gadymy mekanydyr. Türkmen halky adamzat taryhynda özüniň gaytalanmajak medeni we ruhy gymmatlyklaryny döreden dünýäniň iň gadymy halklarynyň biridir. Taryhy döwürlerde medeni ösüşleri başdan geçiren bu gadymy toprakda amaly-haşam sungatynyň gaýtalanmajak nusgalary döredilipdir. Türkmen ruhunyň genji-hazynasyna öwrülen bu gymmatlyklar halkymyzyň çeper döredijiliginiň gazananlaryny dünýä ýaýýar.

Halyçylary, milli el işlerini, keçe taýýarlaýjylary, dutar ussalaryny, zergärleri, küýzegärleri, binagärleri, netjarlary, heýkeltaraşlary özünde jemleýän beýik senedimiz asyrlardan asyrlara geçip, bu günki maddy we milli ruhy dünýämiziň özenini düzýär. Biziň sungata öwrülen milli senedimiz çeperligi, gözellikde deňi-taýy bolmadyk eserleri bilen halkymyzyň örän baý döredijilik älemine eýedigini äşgär edýär.

Türkmen halkynyň maddy we ruhy mirasy örän baýdyr. Halkymyzyň bir çitimden önýän elde dokalan halylary, yhlas bilen basylýan keçeleri, çeper zergärçiligi, gapysyndan törüne çenli gül bürenen ýaly mukaddes ak öýi, dutara dil bitiren ussaçylygy, naýbaşy gymmatlyklary dünýä beren milli hünärmentçiligi seneti sungata öwürmegiň nusgasy bolup biziň günlerimize gelip ýetdi. Çeper döredijilige diýseň ukyply, zähmetsöýer türkmen halkymyzyň zehini, ussatlygy, gözelligi duýuşy, ony dürli önümleriň üsti bilen ýüze çykaryp bilşi esasan, amaly-haşam sungatynda: zergärçilikde, haly dokamakda, keçe basmakda, keşde çekmekde, çeper döredijiligiň aýratyn bir ugry bolan ussaçylykda we milli senetçiligiň beýleki görnüşlerinde aýdyň ýüze çykýar. Şeýlelikde, halkymyzyň amaly-haşam sungaty milletimiziň baý mirasynyň kämil nusgalaryny dünýä çykardy. Olaryň arasynda türkmen halysy çeper döredilen naýbaşy önüm hökmünde mynasyp orun eýeleýär. Türkmeniň älem giňişligi baradaky dünýägaraýyş ulgamynyň şöhlelenmesi hökmünde bu gadymy sungatyň gymmaty has ýokarydyr. Haly türkmeniň çeper-bezeg sungatynyň kämil nusgasy bolup, älemi haýrana goýýar.

Alym Arkadagymyzyň “Arşyň nepisligi”, “Janly rowaýat” kitaplarynyň dünýä dillerine terjime edilmegi bilen türkmeniň döredijilik ruhunyň kämilliginiň ýokary derejesini özünde jemleýän bu arzyly sungatyň şöhrat-şany bütin dünýä ýaýyldy. Erişleri rowaçlyklara alyp barýan ak ýollary ýadyňa salýan, müňdürli öwüşginli bahar ýaýlasy ýaly gözel we nepis gölli halylarymyz nuranalygy bilen göreniň gözüni dokundyrýar. Türkmen zenanynyň çeper we kämil döredijiligi bilen döredilen halylarymyzyň many-mazmunynda ümmülmez älemi, tutuş dünýäni synlap bolýar.

Türkmeniň amaly-haşam sungaty örän giň düşünje we onuň köpasyrlyk taryhy ýoly bar. Türkmen halkynyň ýaşaýyş hem-de durmuş şertlerini beýan edýän bu sungat çuňňur taryhy ähmiýete eýedir.

Çeper bezelen milli lybaslarymyz, bezeg şaýlarymyz, gönden, teletinden, deriden tikilen önümler, tahýalar, keçeler, keşdeler, halydyr palaslar, umuman milli senetçiligimiz, şeýle hem ussaçylyk tejribesi hemişe dünýäni haýrana galdyrypdyr.

Türkmen amaly-haşam sungatynyň arzyly gymmatlyklarynyň biri hem keçe senedidir. Keçe önümleri halkymyzyň durmuşynda möhüm orun tutup, her bir maşgalada keçe basylypdyr. Çünki, her öýüň ýüňi özünden önüpdir. Her kimiň gapysynda ikiden-üçden goýun saklanypdyr. Ýedi hazynanyň biri hasaplanylýan goýnuň hiç bir zady yrýa edilmändir. Onuň ýüňi bolsa türkmeniň öý goşlaryny, eginbaşlaryny, milli düşegini taýýarlamakda esasy serişde bolup hyzmat edipdir. Elýeterliligi, ulanylyş ýaýrawy we ulanmaga amatlylygy taýyndan türkmen keçeleri hojalygyň iň gerekli önümi bolupdyr. Wagtyň geçmegi we islegiň artmagy bilen bu gadymy senet kämilleşip sungat derejesine ýetirilipdir. Keçeler ak öýlere örtmek, gapysyna tutmak, düşemek, atlara basyryk, içirgi, jul, öý goşlaryny salmak üçin horjun, ýiti, uçly we tiz döwülýän zatlar üçin gap hökmünde giňden peýdalanylypdyr. Keçeleriň öndürilişi giň gerime eýe bolup, keçe önümleriniň sany barha artypdyr. Milli senetçilikde dutar ussaçylygy aýratyn orna mynasyp. Çig malynyň esasy bölegi tut agajyndan bolan dutar milli saz guraly ussadan inçe ussatlygy talap edýän senet. Dutar ussaçylygy müňýyllyklaryň tejribesini özünde jemleýär. Ol kämil tejribeler halypadan şägirde geçip, özboluşly mekdep bolup dowam edýär. Şol mekdebiň tälim-taglymyny alan ussalar türkmen milli saz gurallaryny ýasamagy hem sungat derejesine ýetiripdirler. Senetkäriň çeper döredijiligi bilen iki kirişden ybarat ajaýyp saz guraly döredilipdir. Ol dörän gününden beýläk asyrlaryň ýaňyny sözläp, köňülleriň gamyny çözläp, menzilli mekanlary aýlanyp, türkmeniň ykbalynyň göteriljekdigini äleme ýaýyp geldi. Bu saz guralynyň şirinden gelen täsirli sazlary ýaşaýşyň mukamy bolup ilden-illere aýlandy. Dutar sazlary ruhlandyryjylyk, baky parahatçylygy ündeýjilik ukybyna eýe. Düşündirip bolmajak ruhy güýje eýe bolan milli dutar saz guraly pirli senet hasaplanylýar.

Türkmen zergärçilik önümleri milli gymmatlyklarymyzyň naýbaşy nusgalary hasaplanýar. Gelin-gyzlaryň dakynýan, şeýle hem ahalteke bedewlerimizi bezeýän şaý-seplerimiz hiç bir halkyňka meňzemeýän we hiç bir halkyň sungatynda gaýtalanmaýan milli öwüşginli mizemez sungatdyr. Türkmen zergärçilik sungaty nesilden-nesle geçip gelýän we halkymyzyň maddy we ruhy medeniýetiniň däplerini şöhlelendirýän milli mirasymyzdyr.

Türkmen dürli görnüşli, baý şaý-sepleriň eýesi. Halkymyz bedew atyny hem sünnälenip ýasalan şaý-sepler bilen bezemegi başarypdyr. Bu ugurda kämil zergärçilik önümleri döredilipdir. Dünýä halklarynyň arasynda türkmen şaý-sepleri göze gelüwliligi, gözelligi, nepisligi bilen tapawutlanýar. Zergärlerimiziň yhlas-zehininden dörän şaý-seplerimizde halkymyzyň milli özboluşlylygy öz beýanyny tapýar. Milli şaý-seplerimize bolan isleg hemişe uly. Hünärine ussat zergärlerimiz tarapyndan şaý-sepleriň ençemesi döredilip, olaryň biri beýlekisini gaýtalamaýar. Olaryň hersiniň özboluşly aýratynlygy, gözelligi, nepisligi bar. Şaý-seplerimiz ýasalyşy, dürli daşlar bilen bezelişi, nagyşlanylyşy, ýaş aýratynlygyna laýyklykda dakynylyşy taýyndan tapawutlanýar.

Türkmen senetçiligi baý mirasymyzy özünde jemleýär. Agaç ussaçylygynda öndürilýän önümler, demir ussaçylygynyň ýeten derejesi, gadymy nusgalar bilen bilelikde täze döredilýän görnüşler milli senetçiligiň hemişe ösüşdedigini, döredijilikli özgerişe eýedigini tassyklaýar. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen türkmeniň milli medeni mirasyna täze ömür goşulýar. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeni gymmatlyklarymyzy, milli senetçiligimizi ösdürmek, türkmeniň amaly-haşam sungatynyň gazananlaryny öwrenmek, ösdürmek we olaryň umumadamzat ähmiýetini dünýä jemgyýetçiligine giňden ýaýmak babatynda ägirt uly işler alnyp barylýar. Eziz Diýarymyzda we dünýä döwletlerinde medeniýet we sungat işgärleriniň, senetkärleriň we ussalaryň, halkyň çeper döredijiligi bilen meşgullanýan mirasgärleriň gatnaşmaklarynda dabaraly çäreler, festiwallar, ylmy-amaly maslahatlar, sergiler yzygiderli geçirilýär. Golaýda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde geçirilen «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwaly hem muňa doly güwa geçýär. Halkara derejesinde geçirilen bu festiwalyň çäginde guralan amaly-haşam sungatynyň, senetçilik önümleriniň sergisi seneti sungata öwürmegiň nusgasy bolup dünýä ýaýyldy. Şeýle hem festiwalyň çäginde ylmy-amaly maslahat geçirilip, onda çykyş edenler senetçilik we amaly-haşam sungaty, bu ugurda ýetilen sepgitler barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Festiwalyň çäginde guralan milli lybaslaryň görkezilişi oňa tomaşa edenlerde ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Ussatlyk sapaklarynyň geçirilmegi bolsa bu halkara çäresiniň derejesini has hem ýokary göterdi.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda senetçilik we amaly-haşam sungatymyzyň görnükli nusgalary dünýä gymmatlyklarynyň genji-hazynasynda mynasyp orun tutdy. “Türkmen halyçylyk sungatynyň”, “Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň” ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi, muňa aýdyň mysaldyr.

Halkymyzyň medeni-ruhy mirasy dünýä medeniýetiniň naýbaşy gymmatlyklarydyr. Olar dünýä medeniýetiniň genji-hazynasynyň naýbaşy nusgalary bolup, nesilden-nesle geçip, türkmeniň çeper döredijiligini asyrlardan asyrlara aşyrar.

Türkmen halkynyň gadymy we müdimi mirasynyň, umumadamzat ähmiýetli gymmatlyklarynyň dünýä ýaýylmagy üçin gije-gündiz uly tagallalar edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, başy dik, il-ýurt bähbitli döwletli işleri hemişe rowaç bolsun!

Ogultäç HOJANAZAROWA.