Galpak toýy


Galpak toýy



Çaga bir, bir ýarym ýaşanda galpagy syrylyp, galpak toý edilýär. «Çile saçy agyr bolarmyş» diýen yrym bar. Çaganyň ilkinji saçyny daýysyna syrdyrmak däbi gadym döwürlerden bäri dowam edip gelýär. Il içinde «Är daýa» diýen aýtgy bar. Daýy-ýegen gatnaşygy hem gadyrly bolýar. Her bir türkmen maşgalasynda daýynyň hormaty-sarpasy belent tutulýar. Daýysy ýegeniniň saçyny syrjak bolanynda onuň eline oýunjak berip, güýmäp saçyny syrýar. Saç syrylyp bolnansoň, çaganyň başy ýuwulýar. Saç syran daýy halatlanylýar. Galpagy syrylan çaga täzeje eşijekler geýdirilýär.
Galpak syrylanda goňşy-golam, dogan-garyndaş çagyrylyp, kiçiräk toý tutulýar. Çaganyň üstünden süýjüdir oýunjak seçilýär. Galpak toýda pişme, palaw ýaly milli tagamlar taýýarlanylýar. Toýa gelenler çagany galpak toýy mynasybetli gutlaýarlar.
Galpagy syrylan gyzjagaz bolsa, ýakasy nagyşlyja köýnek bilen gültahýa, oglanjyk bolsa, ezýaka köýnejik bilen akgaýma tahýa geýdirilýär. Galpak saçy bilen baglanyşykly «eger daýysynyň saçy gür bolsa, çaganyň hem saçy gür bolýar, eger daýysynyň saçy selçeň bolsa, çaganyň hem saçy selçeň bolýar» diýen yrym bar. Eger daýysynyň saç syrmaga wagty bolmasa ýa-da bir işi çyksa, onda-da daýysy hökman päkisini çaganyň başyna degirmeli. Şonda daýysynyň syrdygy hasap edilýär. Öňler saç syrylanda oglanjyga käkil, gyzjagazlara maňlaýyndan alynsaç, depesinde iki sany gulpak, gulagynyň ýanynda zülp we ýeňsesinde çokul goýardylar.
Oglanjygyň käkili yzyndan ogul dogulsa syrylýar-da düýebaşlygyň üstünden topbajyk edip asylyp goýulýar. Gyzjagazlaryň gulpagy soň-soňlar tutuş saça goşulyp gitmeli. Käbir etraplarda irki döwürlerde çaganyň galpagyny öz topragy, öýi, maşgalasy üçin başyny goýmaga taýýar bolsun diýen yrym bilen öýüň bir burçuna gömýän ekenler. Şeýle hem galpak saçyny ak öýüň dulundaky çuwalyň ýüzüne tikip goýulýan ýerlerine hem gabat gelinýär. Gyzjagazyň saçy onuň bukjasyna tikilse, oglanjygyňky onuň kürtekçesiniň ýagyrnysyna hem tikilýän eken. Käbir wagtlarda eneler çagasynyň galpak saçyny ýygnap goýýar. Aslynda galpak saçy zyňylmaýar, gömülmeýär, ol uzak ýyllaryň dowamynda saklanylýar.