Gargy tüýdük


Gargy tüýdük



Gargy tüýdük üflenip çalynýan türkmen milli saz gurallaryna girýär. Arheologik maglumatlaryň tassyklamagyna görä, gargy tüýdük türkmenlerde ilkinji saz guraly bolupdyr. Ol guýularyň içinde ýa-da derýalaryň kenarlarynda gögerýän gamyşlaryň aýratyn görnüşinden ýasalýar. Bu saz guraly tatar, uýgur, gyrgyz ýaly birnäçe gündogar halklarynda hem gabat gelýär.
Türkmenlerde gargy tüýdügiň döreýşi barada şeýle rowaýat saklanyp galypdyr: «...Isgender Zülkarneýniň (Aleksandr Makedonskiý) depesinde iki sany şahy bolupdyr. Emma ol bu tebigy ýetmezçiligini gizlin saklamak üçin her gezek saçyny syrdyranda, dellegi ýaşaýyşdan mahrum eder eken. Bir gün onuň saçyny bir ýaş oglan syrypdyr. Şonda Isgender Zülkarneýn ony öldürmeklige dözmändir-de, bu syry hiç kime aýtmazlyk şerti bilen azat edipdir. Eger-de bir ýerde agzyndan sypdyraýsa, oňa ýaşaýşyň ýokdugy hakynda berk duýdurypdyr. Emma ýaş ýetginjege bu syry saklamak aňsat düşmändir. Şonuň üçin-de, ol ony aýan etmejek bolup, obasyny terk edip, adamsyz çöl-beýewana baş alyp, çykyp gidipdir. Ol giň giden çölde kän selpäp gezipdir, ahyrynda-da bir guýynyň üstünden barypdyr. Ol guýynyň içine eglipdir-de: «Isgenderiň depesinde buýna-buýna şahy bar» diýip, gygyryp-gygyryp içini boşadypdyr. Şondan soň tiz wagtda guýynyň içinde gargy gamyş gögerýär. Çöl içinde göçüp-gonup ýören çopanlardan biri bu guýynyň üstünden gelýär we onuň içindäki gargy gamyşa haýran galyp, ony kesinýär-de, tüýdük ýasanýar. Ol tüýdügi çalmaga başlanda, tüýdükden «Isgender Zülkarneýniň syryny äleme jar edýär».

Gargy tüýdügiň 5 sany ses deşikleri bolup, olaryň 4-si öň tarapda, biri hem ýeňse tarapynda ýerleşýär. Gargy tüýdük heniz köp sesli orkestr üçin kemilleşdirilmedik saz guralydyr. Şonuň üçin-de ol özüniň gadymy görnüşini ýitirmän gelýär. Halk sazandalary gargy tüýdük üçin ençeme aýdym-sazlary döredipdirler. Şolardan «Aýjemal», «Nowaýy», «Haýyt ýykan», «Owadan gelin», «Öwezim» ýaly onlarça sazlar şu güne çenli hem öz gymmatyny ýitirmän gelýär. Tüýdük milli sazlarynyň kämilleşmeginde we biziň günlerimize gelip ýetmeginde meşhur tüýdükçiler Baky Maşakowyň, Ýazmuhammet Kösäniň hyzmaty uludyr. Olaryň çalan şirin sazlary halkyň hakydasynda baky ýaşaýar. Bu halypalaryň halypa-şägirtlik mekdebini geçen Aşyr Ýazmyradow ýaly tüýdükçiler «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ada mynasyp bolup, olaryň ýol-ýörelgelerini ussatlyk bilen dowam etdirýärler.
Tüýdükçiler üýşüp, garşylaşyp, gijelerine saz çalar ekenler, şeýle hem onuň gapdalynda bagşylar ýanama gygyrypdyrlar. Bu gadymy däp şu güne çenli dowam edip geldi. Tüýdükçiler gargy tüýdügi aý aýdyň gijelerde çopan goşlarynda, oduň başynda, käbir toý-meýlislerde ýa-da goýun gaýtarmak, çagalary gyzamyk keselinden halas etmek üçin çalyp, ýanama gygyrypdyrlar. Onuň ýakymly owazy näsagy rahatlandyrmak, ýaşaýyşa galkyndyrmak üçin şatlyk duýgusyny oýarýan esasy serişde bolup, hyzmat edipdir.
Häzirki döwürde tüýdüge bolan höwes has-da artyp, ol çeper höwesjeňler mekdeplerinde giňden ýaýrady.