Sanly wideoaragatnaşyk arkaly maslahat


Sanly wideoaragatnaşyk arkaly maslahat



2021-nji ýylyň 29-30-njy iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet baradaky guramasy (UNESCO), şeýle hem ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariaty bilen bilelikde “Medeni gymmatlyklaryň bikanun getirilmegini, çykarylmagyny we şahsy emläge geçirilmegini gadagan etmeklige hem-de onuň öňüni almaklyga gönükdirilen çäreler hakyndaky” Konwensiýanyň 50 ýyllygy mynasybetli wideoaragatnaşyk arkaly sebitara maslahat geçirildi. Maslahatda sebitde medeni gymmatlyklaryň bikanun çykarylmagyna garşy göreşmegiň esasy ugurlaryny kesgitlemek hem-de bu ugurda öňdebaryjy tejribeler boýunça özara pikir alşyldy.