Türkmenistanyň halypa halk bagşysy Öre Şyh Käbe ogly (1893-1964) 130 ýyllygy mynasybetli ýatlama sahypamyz
Türkmeniň saz sungat äleminde özüniň täsirli yzyny goýan meşhur sazanda belli halypa aýdym-saza sarpa goýýanlaryň ýadynda galan Türkmenistanyň halypa halk bagşysy Öre Şyh Käbe oglunyň bu ýyl 130 ýyllygy mynasybetli halk bagşymyzy ýatlamagy makul bildik. Bagşy 1893-nji ýylda Daşoguz welaýatynyň häzirki Akdepe etrabynyň Köpükli diýen obasynda Käbe şyhyň maşgalasynda dünýä inýär. Özüniň täsin ýoly bilen Daşoguz sebitinde tanalan bagşynyň aýratyn özboluşly ýol-ýodasy bolupdyr. Bagşynyň ilkinji halypasy Isa bagşy bolupdyr. Dessan aýtmakda ezberlige eýe bolan bagşynyň ussatlygy halypasy Isa bagşydan alypdyr. Döwründe diňe bir döwletimizde däl goňşy döwletlerde-de onuň şirin owazy ýaňlanypdyr. Goňşy döwletimiz bolan Eýranda, Etrek, Gürgen sebitlerinde özüniň mahmal owazy bilen giňden tanalypdyr. Özüniň ünsliligi bilen inçe tilsimleri öwrenip, özüniň tejribesinde ulanypdyr. Bu hem ussadyň irginsizlik bilen öz kärine söýgüsi diýip düşünýärsiň. Bagşynyň goňşy döwletlerden öwrenip ony özüçe işlän öz halkyna ýaýradan aýdymynyň biri ,,Wegel ýar’’ diýen aýdymdygy bagşy barada ýazylan maglumatlarda aýdylyp geçilýär.
Bagşynyň ussatlyga ýetmegine özüniň goşandyny goşan ýene bir ägirt halypalaryň biri Sapar Sumbarowdyr. Ondan hem bagşyçylyk sungatynyň inçe tilsimlerini öwrenipdir. Ol öz deň-duşlary bolan Peltek bagşy, Söýer bagşy, Jumamyrat bagşy, Nazar bagşy dagy bilen ýakyndan gatnaşyp toý-tomaşalaryň bezegi bolupdyrlar. Bagşynyň aýratyn özboluşly ýoly bilen dürli döwürlerde ýazgyda galan mahmal sesi türkmen radiosynda hem saklanyp galyp baý arhiw maglumatymyz bolup dowam edip gelýär. Türkmenistanyň halk bagşysy Gaýgysyz Çaryýew hem özüniň ýol-ýörelgesini Öre Şyhdan alandygyny bagşy baradaky gürrüňler şaýatlyk edýär. Öre Şyhyň ,,Aýperi’’ atly aýdymy köpleriň sögüsini gazanandygy aýdylýar. Onuň şägirtleri Hojamyrat Öräýew hem bagşynyň ýoluny dowam etdirip gelýär.
Bagşy 1964-nji ýylda 71 ýaşynda aradan çykypdyr. Ady taryha ýazylan ussadyň aýdym-saz ulgamynda ady ebedi tutular. Bagşyny hormatlap bu ýyl onuň 130 ýyllygy mynasybetli dürli çärelerde ady ýatlanyp geçilýär.