Maslahat geçirildi


Maslahat geçirildi



2022-nji ýylyň 23-nji fewralynda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde türkmen hünärmenleriniň gatnaşmagynda göni wideoaragatnaşyk arkaly “Dünýä hakydasy” atly maslahaty geçirildi. Maslahatyň esasy maksady hünärmenleriň “Dünýä hakydasynyň” meýilnamasy baradaky bilimlerini artdyrmak, bu sanawa giriziljek hödürnamalary işläp düzmek bolup durýar.
Maslahatda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Ç.T. Rüstemowa, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygy G.Magtymgulyýewa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň bölüm müdiri O.Myradowa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Taryh bölüminiň ylmy işgäri Döwlet Kerimi dagy çykyş etdiler.