Keçe barada rowaýat


Keçe barada rowaýat



Gadym zamanlarda bir baý zenan bolupdyr. Gyş sowlup, ýaz çykanda ol hem ulus-iller ýaly ýazlaga çykýar. Ýazlaga çykylanda goýun sagylyp, ondan her dürli milli tagamlar taýýarlanypdyr.
Ýaz paslynyň güller açylyp, guşlar saýraşýan, türkmen tebigatynyň gülläp, ajaýyp görnüşe girýän günleriniň birinde baý zenan seýil etmegi ýüregine düwýär. Ol seýil etmek, göwün açmak üçin goýun sürüsiniñ ýanyna barýar we ýaşyl meýdanda otlap ýören goýun sürüsinden bir guzujygyň arkasyny sypalaýar. Guzyň buýraja tüýi baý zenanyň eline ýelmeşýär. Zenan gaharlanyp, kenizlerine: «Baryň, şol guzynyň tüýüni gyrkyp getiriň» diýipdir. Kenizlerem guzynyň tüýüni gyrkyp getirýärler. Baý zenan: «Ilki ony çybyk bilen gowja saýyň! Meniň elime ýelmeşer ýaly nämemiş?» diýýär. Kenizler guzynyň ýüňüni çybyk bilen saýýarlar. Guzy ýüňi bolsa saýyldykça owadanlanyp, uçlary ýazylyp, köpelip barýarmyş. Baý zenanyň kenizleri «Hanym, ýüňümiz saýyldykça çişip gidip barýar» diýipdirler. Baý zenan bolsa has-da gaharlanyp: «Çişerçe nämemiş ol, çişmez ýaly onuň üstüne gaýnag suw guýuň» diýipdir. Kenizler onuň üstünden gaýnap duran gyzgyn suwy guýýarlar. Baý zenan «Indi bolsa gowy edip basalaň, depeläň» diýýär. Ýüňleri gyzgyn suw guýup depeleýärler. Gyzgyn suwda depelenen ýüňler birleşip, üýtgeşik şekilli önüm bolýar duruberýär. Kenizler ony «Sen-ä bir keçje ýüň ekeniň” diýip, has hem depeleýärler we «Hanym ýüňler gaty keçje eken» diýip, habar berýärler. Ýüňler birleşip, sepleşip, has-da berkeýär. Kenizler: «Olar-a birleşip, birgeňsi önüm boldy duruberdi» diýýärler. Baý zenan bolsa has-da gaharly: «Ony gyşda öýi sowukdan-aňzakdan gorar ýaly öýüñ serpigine tutuñ» diýip buýrupdyr. Keçäni öýüň serpigine tutupdyrlar. Keçe öýe bezeg, içine ýylylyk beripdir. Baý zenan: «Indi bolsa ony aýak astyna düşäň» diýipdir. Keçe düşenmäge düşek bolup duruberipdir. Baý zenan: «Baryň ony goýun sürüsiniň çopanynyň üstüne atyň» diýipdir. Keçe oýluk bolup, çopany sowukdan gorapdyr. Indi bolsa baý zenan: «Baryň ony atyň üstüne atyň, üstüne bir ýigidi mündirip, aty çapyň» diýipdir. Keçe at ýapynjasy bolupdyr. Şeýdip, keçe türkmen durmuşynyň-ýaşaýşynyň özenini düzýän gymmatlyga öwrülipdir. Ony kämilleşdirip, türkmeniň gülli ýaýlalaryny ýatladyp oturan ajaýyp keçeleri döredipdirler.