Çyrpanyşar çölünde neri, maýasy


Çyrpanyşar çölünde neri, maýasy

2023-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasy 2024-nji ýyly–Düýeleriň halkara ýyly diýip yglan etdi. Dünýäniň 90-dan gowrak ýurdunda millionlarça öý hojalygynyň we maşgalalaryň medeni durmuşynda hem-de azyk üpjünçiligine ýardam bermekde düýeleriň eýeleýän ähmiýetini we ornuny görkezmegi maksat edinen bu halkara resminama ýer ýüzüniň ilaty tarapyndan şatlyk bilen kabul edildi. Dünýä halklarynda düýe sadalygyň, wepalygyň, berekediň, haýyrly çözgütleriň, jebisligiň, ynamyň we umydyň nyşany hasap edilýär. Gündogar edebiýatynda we Magtymgulynyň gazallarynda düýäniň piri Weýis baba, Salyh pygamber hem-de ojaklaryň mukaddes sekiz haýwanynyň biri düýe hasap edilip görkezilýär. Ussadyň döredijiliginde haýwanat dünýäsiniň wekilleriniň arasynda köp wasp edilişi boýunça bedew atdan soňra ikinji basgançagy düýe eýeleýär we aryfyň döredijiliginiň 30-a golaý eserlerde duş gelýär. Ýabany düzlükleri keçjallyk bilen boýun egdirijiler, tylla sähralaryň hökümdarlary hasap edilip, jomartlygy durmuşyň halasgärine meňzedilýän düýeler irki orta asyrlarda aragatnaşygyň ilkinji buşlukçylary, jemaly şalaryň çadyrynda mübäreklenenler, ulgam alaňlary, ürgün çägeleri, ymgyr giň sähralary ädimläp ýeňijiler, gözelligiň halyflyk yşyklary, sahylyga hemdem bolan mukaddes halasgärler, berekediň müň dürli dury bulagy hökmünde ykrar edilipdir. Sebitde mähriban watanymyz halk hojalygynyň düýedarçylyk pudagynyň iň gadymy, baý we önümçilik taýdan kuwwatly merkezleriň biri hasap edilýär. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň lirikasynda düýedarçylyk medeniýetiniň gymmatlyklary, leksik aňlatmalar asyl we göçme manylary aňladýan, salgylanma, deňeşdirme, meňzetme görnüşlerde beýan edilýän çeper galyplarda teswirlenýär. Olaryň iň görnükli nusgalarynyň sanawyna çeper söz senediniň ussadynyň «Gözlemeýän bolarmy», «Gürgeniň», «Guluň boldum», «Ýar çeker», ,«Rysman dakarlar», «Andadur’», «Dursa gerekdir», «Bizge rowana» «Alnyňda», «Munda çilimkeş», «Görüm görülmegen ýerde», «Gybatkeş», «Alan ýagşydyr», «Näbisin», «Türkmeniň», «Är ýanynda belledir», «Gelse gerekdir», «Çatyp bolmaýyr», «Jan içinde», «Bikararam dogrusy», «Gadryn näbilsin», «Bitmek gerek», «Ötüp baradyr», «Bular gelmedi», «Bagtym garadyr», «Aşyk bolmuşam», «Ýar eýlär», «Ýör biläni», «Tekepbirlik eýlär», «Aýrylsa», «Çowdur han»... atly onlarça şygyrlaryny goşmak bolar. Dünýä edebiýatynyň tanymal söz zergäri Magtymguly Pyragynyň «Ulag bardyr uzak ýollar geçmäge», «Arwananyň ýüki galmaz, Ýola girseň ner biläni», «Ýatsa kerwen ýaman ýerde, Serdar mugtaberlik eýlär», «Kerwen ýata bilmez gorkuly ýerde», «Ulag gadryn bilmez, kişi armasa» diýen parasatly setirleri hem-de

Düýe aýdar: «Otlar men,
Otlan ýerim ýatlar men,
Elmydama botlar men,
Selin, sazak içinde»

diýen hümmetli bendi düýedarçylyk leksikasy bilen berk baglanyşyklydyr. Magtymguly Pyragynyň dokuz bentli «Pelegidir» atly goşgusynyň altynjy bendinde

Taňry ýaratdy haýwany,
Behişt görmez magşar güni,
Sekiz haýwanyň mesgeni,
Diýrler: jennet bulagydyr-

atly hyrydarly setirlerinde hem sekiz jandaryň hatarynda atlary rowaýatlara öwrülen, folklor miraslarynda düýpli orun alan bedew at, köpek it, goýun, sygyr, kepderi, balyk bilen bilikde düýäniň hem ynsana gadyrly, hümmetli häsiýetleri, durmuş sahnasyndaky gymmatly orny hakykatyň güýjünde we mukaddesliginde arşa galdyrylýar. Şahyryň döredijiliginde duş gelýän «Ebabil-eshabil filge gowuşdy» diýen edebi setirleriniň mazmunynda hem düýedarçylyk kyssalarynyň gadymy taryhy hekaýatlary jemlenýär. Geçmişde rozygäriň rowaly roýlaryna, sapaly sähralaryň serwerine, sadykly saçaklaryň sakysyna, alaňly hazynalaryň haýdaryna deňelen, husnuny hakyň halan, ýollaryň kerwen hatarlarynda zynatly lagla öwrülen, erenleriň mübäreklän, ýowşan ysly jöwzaly çölleriň janly, jepakeş ulagy bolan düýeler barada mertebeli şahyryň döredijiliginde 100-e golaý şahyrana söz düzümleriniň umumylygy (bezirgen, täjir, kerwen, ýol, çöl, guba, düýe atlarynyň 12 görnüşi) ýigrimiden gowrak meňzeş bolmadyk köptaraply many gatlaklarynda işjeň we dowamly ulanylýandygyny görmek bolýar. Edebi sährälarda iner ýüküni çeken Magtymgulynyň yzzatly, jadyly setirlerinde «bezirgen» sözi düýe kerweni bilen söwda-täjirçilik edýän adamy, «arwana» sözi ýeke örküçli, genetiki we tebigy taýdan arassa tohumly, ýüň çykymlary, reňkleri, süýdüniň ýokumlulygy, etiniň tagamlylygy, adaty türkmen düýesini, «akmaýa» sözi arwana bilen bugradan gaýan urkaçy, owadan, gelşikli, mylaýym, geçirimli, ýuwaş, dürli reňklerdäki inen düýäni, sözi-hereketleri çalasyn, çeýe, ýüwrükli düýäni aňladyp gelýär we göçme manylarda köptaraply wasp edilmekde işjeň ulanylandygy aýdyň bolýar. Pygamberleriň ulagy hasap edilýän düýäni erenler ýük daşamakda wepaly dost, ýörände mähriban egindeş, ajyganda ojaklaryň supra lezzetiniň başy, lybasda törde oturdýan zerbaply donum, mülkleriň uzak ýaşly syrdaşy, üsti toýlaryň galasy, içi haýryň hazynalary hökmünde ykrar edipdirler. Dilruba, zynatly setirleri ruhy ylhama, durmuş rowaçlyklaryna we tebigat gözelliklerine hyjuwlandyrýan ussadyň eserlerinde düýedarçylyk leksikasy boýunça köp wasp edilýän sözleriň düzüminde ilkinji basgançagy bugra, iner we maýa sözleri eýeleýärler.

Dädebaý PÄLWANOW