Ýorgan tikmek
Ýorgan tikmek üçin bir ýorganlyk mata, onuň daşyndan bir garyş inlilikde gök ýa-da ýaşyl döwürýanlyk mata gerek. Ilki ýüzüni taýýarlap dört tarapyna, gyrasyna mata aýlamaly. Ondan soň iç ýüzüni tikmeli. Öňki döwürlerde ýorgany iki döwürýanly edip hem tikipdirler. Ýorganyň ýüzlügini we iç tarapyny tikip taýýarlaňsoň çöwre tarapyndan pagta salmaly. Içliginden dört barmak ýaly ýeri tikilmän goýulýar. Şol ýerden pagtalanan ýorgan daşyna çöwrülýär. Ýorgany dört burçundan dolap alyp gaýdyp, beýlesine çöwürmeli. Onsoň ýazgyn edip goýmaly. Pagtalary azkem süýşen bolsa tekizleşdirmeli. Soñra ýorganyň dört tarapyndan iriräk edip ýörmäp çykmaly, şeýtseň ýorganyň pagtasy süýşmeýär. Ondan soň ýorgany ýazgyn edip syramaly. Syramak ýorgan çekmek. Aralary dört barmak inlilikde uzynlygyna tikip çykmaly. Ýorgan syrap otyrkaň goňşy-golamlardan biri gelip: «Ýorgan syraýaňyzmy? ýa-da ýorgan köpeýäňizmi? Armaň» diýse, oňa «Goňşy, sapak çek» diýilýär. Şu sözden soň söz manysyn tirip bilýän goňşy bolsa hödür getirýär, ýa-da ýorgan köpeşmäge gelýär. Ýorgany näçe ýygy köpeseň şonça berk bolýar. Ýorgan taýýar bolansoň «Toý ýorgany bolsun!», «Toýda ulanmak, saglykly ýapynmak nesip etsin» diýlip ýagşy dilegler edilýär. Ondan soň täze ýorganyň içi çagaly bolsun diýlen yrym bilen kiçiräk çagany içine salyp iki ýana togalamaly. Ýorganyň dört burçuna yrym edilip aşyk çalynýar eken.