JORAP ÖRMEK SUNGATY


JORAP ÖRMEK SUNGATY



Türkmen zenanlary özleriniň döredijilik zehinini ajaýyp el hünärleriniň üsti bilen äleme äşgär edýärler. Aýal-gyzlarymyzyň ylhamyndan, on barmagynyň gudratyndan dörän sungatlaryň biri-de jorap örmek sungatydyr. Jorap örmek sungaty hem beýleki el senetleri ýaly gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýar. Älemgoşar öwüşginli örme joraplaryny synlanyňda, bu nepis sungatda tebigatyň, durmuşyň ajaýyplyklarynyň suratlandyrylyşyny synlamak bolýar.
Zenanlarymyz lybaslaryny nagyşlar bilen keşdeleýişleri ýaly, örme joraplaryny owadan nagyşlar bilen bezäpdirler we ol joraplara gülli joraplar diýilýär. Joraplara salynýan nagyşlar hem ene-mamalarymyzyň döredijilik zehininiň miwesidir. Gülli joraplara salynýan nagyşlary tebigat, haýwanat dünýäsi, durmuş hajatlary, ynanç-ygtykatlary, maksat-myratlary, arzuw-islegleri bilen baglanyşdyryp, olary “çakmak”, “hanýumruk”, “tärimgözenek”, “möwjüm”, “gapyrga”, “şelpe”, “tazyguýruk”, “tegbent”, “gyýak”, “erikgül”, “goçak” ýaly atlar bilen atlandyrypdyrlar.
Islendik senetçilik önümlerini taýýarlamak üçin ýörite niýetlenen gurallar bolýar. Jorap örmek üçin bolsa çişler ulanylýar. Çişler demirden ýa-da agaçdan ýasalyp, olaryň iki ujy ýiteldilýär. Örme joraplar 3 ýa-da 5 sany çişde örülýär. Çişde jorap örmegiň-de dürli tärleri, tilsimleri bar. Jorap örülende ýüpden biri-biri bilen bagly çişde bir setire düzülen halkajyklar emele getirilýär we bir halkadan täze halka alynýar. Bu usul tä jorap örülip gutarylýança dowam etdirilýär. Gülli joraplar örülende dürli reňkdäki ýüpleri gezekli-gezegine çalşyryp örmek bilen, jorabyň ýüz tarapynda nagyşlar emele getirilýär.
Häzirki wagtda el senediniň bu görnüşi has hem giň gerim aldy. Gyz bukjasynyň bezegi hasaplanýan gülli joraplar milli mirasymyzda mynasyp orun eýeleýär.

Gülnar JORAÝEWA